Prezident Erdogan Albaniýanyň Premýer-ministri Rama bilen duşuşdy

Prezident Erdogan Albaniýanyň Premýer-ministri Rama bilen duşuşdy

Prezident R. T. Erdogan NATO agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň 36-njy sammitine gatnaşmak üçin Ankara gelen Albaniýanyň Premýer-ministri Edi Rama bilen duşuşdy.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň Türk sosial media platformasy NSosial arkaly beren habarnamasyna görä, duşuşyk penşenbe güni Prezidentiň Kompleksinde geçirildi.

Habarnamada duşuşykda Türkiýe bilen Albaniýanyň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleleriň seljerlendigi nygtaldy.

Prezident Erdogan Türkiýäniň Albaniýa bilen edýän gatnaşyklaryny esasan goranyş senagaty boýunça edilýän hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak isleýändiklerini belledi.

Prezident Erdogan Albaniýanyň Premýer-ministri Ramany üstümizdäki ýylyň noýabr aýynda Antalýa şäherinde geçiriljek JOP-31-iň liderler sammitine çagyrdy.

Duşuşyga Daşary işler ministri Hakan Fidan, Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler, Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň wekili we metbugat sekretary Ömer Çelik we Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygy İbrahim Kalyn bilen birlikde Kommunikasiýalar edarasynyn başlygy Buhranettin Duran hem gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan NATO sammitiniň çäginde dünýä ýurtlarynyň liderleri bilen duşuşar
Albaniýa 2030-njy ýyla çenli ÝB-e goşulmakçy
2025-nji ýylyň esasy wakalary
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Belgrada Bardy
Albaniýa Bileleşige goşulmakçy