Albaniýa 2030-njy ýyla çenli ÝB-e goşulmakçy

Albaniýanyň Premýer-ministri Edi Rama Awstriýanyň “Die Presse” gazetine beren interwýusynda öz ýurdunyň 2030-njy ýyla çenli Ýewropa Bileleşigine goşulmagyna bil baglaýandygyny aýtdy.Ramanyň sözlerine görä, Tirana Ýewropa Komissiýasy bilen bilelikde 2027-nji ýyla çenli gepleşik prosesini tamamlamak üçin tertipnama işläp düzdi, şondan soň ylalaşyklaryň Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlary tarapyndan tassyklanmagy üçin takmynan iki ýyl gerek bolar.

-Biziň meýilnamamyz, möhletimiz we etmeli işlerimiz köp. Bularyň hemmesi Ýewropa Komissiýasy bilen bilelikdäki meýilnamamyzyň bir bölegidir. Biz ýeke özümiz hereket etmeýäris; biziň hemmetaraplaýyn goldawymyz bar. Gepleşikler tamamlanandan soň, tassyklama prosesleri üçin ýene iki ýyl garaşýarys. Şonuň üçin biziň maksatly senemiz 2030-njy ýyl – diýip, Premýer-ministr belledi.

Ol bu wagt tertibiniň takyk hasaplamalara esaslanýandygyny düşündirdi. – Ol üýtgedilip bilnermi? Elbetde, ýöne biziň günämiz bilen däl. Eger bir zat üýtgese, bu Ýewropa Bileleşiginiň karary bilen bolar – diýip, Rama sözüniň üstüne goşdy.

Ýurt 2014-nji ýylyň iýun aýynda Ýewropa Bileleşigine goşulmak üçin resmi dalaşgär derejesini aldy. Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşi, 2020-nji ýylyň mart aýynda Albaniýanyň bileleşige goşulmagy baradaky gepleşikleriniň başlamagyny makullady. 2022-nji ýylyň iýulynda Albaniýa bilen şeýle gepleşiklere başlady.

Günbatar Balkan ýarym adasyndaky ýurtda 2 million 402 müňden gowrak ilat ýaşaýar. Ýurduň paýtagty Tirana şäheri. Resmi dil alban dilidir.

Ýene degişli makalalar

2025-nji ýylyň esasy wakalary
Albaniýa, Portugaliýa we Filippinler respublikalarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi
Syýahatçylyk öňki derejesine gaýdyp geldi
Prezident Erdogan Albaniýada Saparda Bolýar
Prezident Erdogan, Albaniýada we Serbiýada Saparda Bolar
Prezident Erdogan Albaniýanyň Premýer-ministri Rama Bilen Duşuşdy