Ministr Fidan Parižde geçiriljek Ukraina sammitine gatnaşar

Ministr Fidan Parižde geçiriljek Ukraina sammitine gatnaşar

Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, Ministr Hakan Fidan Prezident R. T. Erdoganyň adyndan ertir Fransiýanyň paýtagty Parižde geçiriljek Ukraina temaly Meýletinler koalisiýasynyň liderler sammitine gatnaşar.

Parižde geçiriljek sammitde iýul aýynyň 7-8-i aralygynda Ankarada geçirlen NATO-nyň liderler sammitine Ukraina meselesi boýunça kabul edilen kararlar ara alnyp maslahatlaşylar.

Daşary işler ministri Fidan sammitde Türkiýäniň Ukrainanyň garaşsyzlygyna, özygtyýarlygyna we jebisligine goldaw berýändigine ünsi çeker.

Fidanyň sammite gatnaşyjylara Russiýa-Ukraina söweşinin bes edilmegi üçin Türkiýäniň edýän tagallasy hakynda giňişleýin maglumat bermegine garaşylýar.

Hakan Fidan Türkiýäniň Russiýa bilen Ukrainaly wekiliýetleriň gepleşik stoluna gaýdyp gelmegi üçin tagalla etmäge taýardyna ünsi çeker we Gara deňizde parahatçylygyň we durnuklylygyň goralmagynyň Türkiýe taýdan diýseň möhümdigini nygtar.

Ýene degişli makalalar

Fidan: Erdogan bilen Trampyň arasyndaky ýakyn gatnaşyk NATO-da dartgynlygyň gowşamagyna sebäp bolar
Prezident Erdogan Albaniýanyň Premýer-ministri Rama bilen duşuşdy
Fidan NATO sammiti barada: Türkiye bolmadyk bolsa, Tramp gelmezdi
Rubio: “Tramp Türkiýede geçiriljek NATO-nyň liderler sammitine gatnaşar”
Fidan: Türkiýe Ýewropanyň howpsuzlygynda uly rol oýnaýar
Hakan Fidan Ankara sammitinden öň Şwesiýada geçiriljek NATO gepleşiklerine gatnaşar