Fidandan Lawrowa Ormuz bogazy bilen bagly ýüzlenme: "Howpsuz we üznüksiz geçiş möhümdir"

Fidandan Lawrowa Ormuz bogazy bilen bagly ýüzlenme: "Howpsuz we üznüksiz geçiş möhümdir"

Türkiyäniň daşary işler ministri Hakan Fidan Ormuz bogazyndan howpsuz, erkin we üznüksiz gämi gatnawynyň dowam etdirilmeginiň sebitleýin durnuklylyk, global energiýa howpsuzlygy we halkara söwda üçin möhümdigini nygtady.

Sişenbe güni Moskwada Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen geçiren duşuşygyndan soň eden çykyşynda Fidan, ABŞ bilen Eýranyň arasynda gazanylan ylalaşykdan hoşaldyklaryny we ony sebitdäki dartgynlylygy azaldyp biljek möhüm diplomatik tapgyr hökmünde häsiýetlendirdi.

Ministr Hakan Fidan: “Prezidentimiz hormatly Rejep Taýýip Erdoganyň nygtaýşy ýaly, biziň iň uly umydymyz sebitimize we tutuş dünýä täze howa berýän bu ädimiň wagtlaýyn asudalyk döwri bilen çäklenmän, eýsem konstruktiw we hemişelik howpsuzlyk arhitekturasyna öwrülmegidir” diýdi. Fidan Türkiyäniň ylalaşygyň soňky gol çekiş tapgyryna geçmegine, doly durmuşa geçirilmegine we dowamly diplomatik çarçuwa gazanylmagyna umyt edýändigini beýan etdi.

Fidan şeýle diýdi: “Gutarnykly ylalaşygyň gazanyljak bu duýgur tapgyrda parahatçylyk atmosferasyny zäherläp biljek ritorikadan we Ysraýylyň bu tapgyra päsgel bermäge synanyşyklaryndan gaça durmak örän möhümdir” diýip nygtady.

Ýene degişli makalalar

Daşary işler ministri Fidan Russiýada saparda bolar
Fidan: “Türkiýe Ukraina meselesiniň çözülmegine ähli taraplaýyn goldaw bermäge dowam eder”
Daşary işler ministri Hakan Fidan Wladimir Putin bilen Kazanda duşuşdy
Fidan: Erdogan bilen Trampyň arasyndaky ýakyn gatnaşyk NATO-da dartgynlygyň gowşamagyna sebäp bolar
Prezident Erdogan Albaniýanyň Premýer-ministri Rama bilen duşuşdy
Ministr Fidan Parižde geçiriljek Ukraina sammitine gatnaşar