ABŞ-nyň döwlet sekretary Türkmenistany din azatlygyny bozujylaryň sanawyna goşdy

11-nji dekabrda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň saýtynda döwlet sekretary Maýkl Pompeonyň din azatlygyny bozýan ýurtlar hakyndaky beýanaty çap edildi.

“2018-nji ýylyň 28-nji noýabrynda men Mýanmany, Eýrany, Hytaýy, KHDR-ny, Pakistany, Saud Arabystanyny, Sudany, Täjigistany, Türkmenistany we Eritreýany 1998-nji ýylyň halkara din azatlygy boýunça kanunynyň çäginde aýratyn alada döredýän ýurtlaryň sanawyna goşdum” diýip beýanatda aýdylýar.

“Dünýäde adamlaryň öz dini ynançlary üçin yzarlanýan, tussag edilýän we hatda öldürilýän örän kän regiony bar. ABŞ bu hili ýanamalara kesesinden seredip, gyrada durup bilmez” diýip, Pompeo aýtdy.

Beýanatda adam hykuklaryny we dine ynanmak azatlygyny goramak ABŞ-nyň prezident diwanynyň alyp barýan halkara syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri bolup durýar.

Döwlet sekretary iýulda özüniň din azatlygy meselelerine bagyşlanan ilkinji mejlisini geçirdi we oňa bu problemany ara alyp maslahatlaşmak we din azatlygyny goramak boýunça bir topar aýgytly teklibi orta atmak üçin 85 ýurtdan raýat jemgyýetleriniň 800 wekili gatnaşdy.

ABŞ din azatlygy babatdaky ýagdaýlary gowulandyrmak boýunça tagalla edýän ýurtlary gutlaýar we mundan beýläk hem ýurtlaryň hökümetleri, raýat jemgyýetiniň wekilleri we dini liderler bilen bu ugurda bilelikde işleşmäge taýýardygyny aýdýar.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Türkmenistany dini azatlyklar boýunça 'Aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň' sanawyna täzeden goşdy
ABŞ Täjigistany we Türkmenistany dini azatlyklary bozýanlaryň sanawyna goşdy. Özbegistan ýörite sanawdan çykaryldy
Mewlüt Çawuşogly amerikaly kärdeşi bilen söhbetdeş boldy
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Malaýziýada, Singapurda we Indoneziýada saparda bolar
Daşary işler ministri Çawuşogly ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Çawuşogly amerikaly kärdeşi Pompeo bilen duşuşdy