ABŞ-nyň iki sany ştatynda agyz-burun örtügini geýmeklik baradaky talaplar ýatyrylýar

ABŞ-nyň iki sany ştatynda agyz-burun örtügini geýmeklik baradaky talaplar ýatyrylýar

ABŞ-nyň Tehas we Missisipi ştatynda agyz-burun geýmek düzgüni ýatyrylýar.

ABŞ-nyň Tehas ştatynyň häkimi Greg Abbott hökmany agyz-burun örtügini geýmek düzgünini şu ýylyň 10-njy martyndan ýatyrýar. Mundan başga-da ol, şol günden başlap, Tehasyň edaralarynda we kärhanalarynda, jemgyýetçilik guramalarynda, köpçülikleýin ýerlerinde girizilen ähli çäklendirmeleri aýyrmagy meýilleşdirýär. Bu karar köpçülikleýin sanjym işleriniň ýola goýlandygy göz öňünde tutulyp, ykdysadyýetiň we raýatlaryň kadaly durmuşyny dikeltmegiň zerurlygy sebäpli kabul edildi.

ABŞ-nyň Missisipi ştatynda hem epidemiologik ýagdaýyň gowulaşmagy we ilata işjeň sanjym edilmegi sebäpli agyz-burun örtügini geýmek düzgüni ýatyrylýar. Şol bir wagtyň özünde bir otagda bolmaklyga rugsat berlen adamlar üçin girizilen ähli çäklendirmeler hem aýrylýar.

Pandemiýa başlaly bäri, Tehasda 2,6 milliondan gowrak kişide COVID-19 ýokanç keseli anyklandy we Jon Hopkins uniwersitetiniň habaryna görä, 43900 näsag aradan çykdy. Missisipi ştatynda bolsa, geçen ýylyň ýazyndan bäri, 295000 töweregi adamda koronowirus ýokançlygy hasaba alyndy we bu dertden 6700 ynsan ýogaldy.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň Tehas ştatynda tokaý ýangynlary sebäpli adatdan daşary ýagdaý yglan edildi
ABŞ-da Bolan Dikuçar Heläkçiliginde 3 Esger Ýogaldy
ABŞ raýatlaryna Meksika bilen bagly duýduryş berdi
Mask Tehasda öz şäherini gurmakçy
Gazagystan 2024-nji ýylyň aýagyna çenli nebitiň çykarylyşyny artdyrmakçy
Türkmenistan Gazagystana we Hindistana howa gatnawlaryny dikelder, Aşgabatda täze jaşaýyş jaýy ulanylmaga berildi, Serdar Berdimuhamedow ýurduň zenanlaryny 8-nji mart mynasybetli gutlady we beýleki habarlar
ABŞ-da geçirilen konsertleriň birinde bolan dyknyşykda bir adam ýogaldy