Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2023-nji ýylyň 4-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen dört aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi, döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli parlament tarapyndan ýurdumyzyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça dört aýda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.

Hasabat döwründe maslahatlaryň ikisi geçirilip, olaryň dowamynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 12-si, şol sanda Konstitusion kanunlaryň 3-si we Mejlisiň kararlarynyň 26-sy kabul edildi.Hukuk namalarynyň hatarynda umumyhalk maslahatynda makullanan "Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda", "Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda" we "Türkmen halkynyň Milli Lideri hakynda" Türkmenistanyň Konstitusion kanunlary bar.

Hereket edýän kanunlary halkara ülňülere hem-de Konstitusion kanunlaryň talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen, "Türkmenistanyň Mejlisi hakynda" we "Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda" Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi, şeýle-de ýaşaýyş jaýlarynyň, gozgalmaýan emläge degişli başga desgalaryň paýly gurluşygy, şähergurluşyk işi, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak bilen bagly degişli kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Şunuň bilen bir hatarda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen taýýarlanylan we kabul edilen, aýratyn döwlet ähmiýetli şäheriň hukuk ýagdaýyny kesgitleýän "Arkadag şäheri hakynda" Türkmenistanyň Kanunyndan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary milli kanunçylyga girizmek boýunça kanun taslamasy taýýarlanyp, häzirki wagtda bu mesele boýunça degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň teklipleri öwrenilýär.

Mejlisde döredilen iş toparlarynda kazyýet işi, adalat edaralary, raýat ýagdaýynyň namalary, harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy bilen baglanyşykly we başga-da birnäçe ugurlarda kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

Halkara we parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň çäklerinde dört aýyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek meseleleri boýunça 20-den gowrak duşuşyk geçirildi.Milli parlamentariler ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň BMG-niň düzüm birlikleri we beýleki abraýly halkara guramalar bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 37-sine gatnaşdylar.

Garalýan döwürde deputatlar birnäçe daşary ýurt döwletlerine iş saparlaryny amala aşyrdylar. Şeýle hem Mejlisiň wekiliýetiniň şu ýylyň 27-28-nji aprelinde Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde geçirilen Türki döwletleriň Parlament Assambleýasynyň 12-nji plenar mejlisine gatnaşandygy barada habar berildi.

Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahatynda deputatlaryň öňünde goýan wezipeleri hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde şu ýylyň 20-nji aprelinde geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini halk köpçüliginiň arasynda wagyz etmek, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň maksatlaryny, many-mazmunyny giňden düşündirmek üçin köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde parlamentarileriň çykyşlary guralýar.

Hormatly Prezidentimiz milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, ony halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmagyň, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk binýadyny üpjün etmegiň möhümdigini aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow 2023-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlary aralygynda ýurdumyzyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, dört aýyň netijeleri boýunça jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi. 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,1 göterim artdy.

Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,4 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi bolsa 13,2 göterim ýokarlandy. 2023-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 115,4 göterim, çykdajy bölegi 97,5 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 9,9 göterim köpeldi.

Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberi, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 13,1 göterim artdy. Şu ýylyň dört aýynyň jemleri boýunça Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyz boýunça durmuş maksatly binalaryň, desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň, inženerçilik ulgamlarynyň gurluşyklary alnyp baryldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, alnyp barylmaly işleriň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ulgamlar boýunça, hususan-da, önümçilik ulgamy boýunça görkezijileri seljermegi, pudaklaryň bellenen meýilnamalary ýerine ýetirmekleri üçin netijeli çäreleri görmegi ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitledi hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Begliýew gözegçilik edýän pudaklarynda 2023-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, nebiti gaz kondensaty bilen çykarmak, çalgy ýaglaryny öndürmek boýunça gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.

"Türkmennebit" döwlet konserni tarapyndan nebit bilen üpjün etmegiň meýilnamasy 102 göterim, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 102,8 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 106,7 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 108,4 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 100,6 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 101,4 göterim ýerine ýetirildi.

Hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 106,4 göterim, "mawy ýangyjy" eksport etmegiň meýilnamasy 107,6 göterim berjaý edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we tebigy gazyň, nebitiň çykarylyşyny mundan beýläk-de artdyrmak boýunça ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz pudaga maýa goýumlary çekmegiň, toplumyň önümçilik kärhanalarynyň kuwwatyny yzygiderli ýokarlandyrmagyň zerurdygyny aýdyp, bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Umuman, obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň möçberiniň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 104,6 göterime, şol sanda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 105 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 100,6 göterime, "Türkmen atlary" döwlet birleşigi boýunça 101,1 göterime deň boldy.

Gök önümleri öndürmek boýunça 108,7 göterim, bugdaý ununy öndürmek boýunça 101,6 göterim ösüş gazanyldy.Maýa goýumlary özleşdirmegiň meýilnamasy 214,8 göterim berjaý edildi.

Şeýle-de wise-premýer maldarçylyk pudagyny ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.Hususan-da, owlak-guzy almak boýunça meýilnamanyň 100,9 göterim, köşek almak boýunça meýilnamanyň 100,5 göterim ýerine ýetirilendigi habar berildi.

Ahalteke bedewleriniň baş sanynyň artmagynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 101,3 göterime deň boldy.Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti tarapyndan suwaryş akabalarynda we şor suw akabalarynda arassalaýyş işleriniň geçirilendigi bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmalydygyny, ekinlerden ýokary hasyl almak boýunça degişli çäreleriň görülmelidigini aýtdy.Hormatly Prezidentimiz ýer we suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmagyň, pudaga täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, suw hojalygyna degişli infrastrukturalary döwrebaplaşdyrmagyň, oba hojalyk we azyk senagaty kärhanalarynyň kuwwatyny artdyrmagyň, olaryň netijeliligini ýokarlandyrmagyň häzirki döwrüň zerur talaby bolup durýandygyny nygtady we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän gurluşyk-senagat, energetika toplumynda, "Türkmenhimiýa" döwlet konserninde, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginde we paýtagtymyzyň häkimliginde şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.

Ýylyň başyndan bäri dört aýda gurluşyk-senagat toplumynda önümleri öndürmek hem-de işleri ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 108,1 göterim berjaý edildi.Hasabat döwründe Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 110,9 göterime, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça önümleri öndürmegiň we işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 116,3 göterime deň boldy. Ýanwar — aprel aýlarynda Energetika ministrligi önümleri öndürmegiň, işleri ýerine ýetirmegiň we hyzmatlaryň meýilnamasyny 108,5 göterim berjaý etdi.

Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 102,4 göterime deň boldy.

"Türkmenhimiýa" döwlet konserni tarapyndan önümleri öndürmek we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça bellenilen meýilnama 100,7 göterim ýerine ýetirildi. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan işleri ýerine ýetirmek we hyzmatlar boýunça meýilnama 108,1 göterim boldy. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 119,3 göterim berjaý edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda Diýarymyzda gurluşyk işleriniň ýokary depginde alnyp barylýandygyny, şu ýyl ýurdumyz boýunça dürli maksatly binalaryň we desgalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň meýilleşdirilýändigini belledi hem-de alnyp barylýan giň gerimli gurluşyklary zerur bolan gurluşyk serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün etmek babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz senagat we gurluşyk toplumynyň kärhanalarynyň, hususan-da, "Türkmenhimiýa" döwlet konserniniň garamagyndaky kärhanalary taslama kuwwatlyklaryna çykarmagyň möhümdigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän söwda, dokma senagaty we telekeçilik ulgamlarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, söwda dolanyşygynyň ösüşi 104,3 göterime, öndürilen önümleriň ösüşi bolsa 104,8 göterime deň boldy.

Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 105,6 göterime, nah matalaryňky 114,8 göterime, tikin we trikotaž önümleriniň önümçiligi 102,1 göterime, gön önümleriniňki 117 göterime barabar boldy. "Türkmenhaly" döwlet birleşiginiň kärhanalarynda önüm öndürmegiň meýilnamasy 109,7 göterim ýerine ýetirildi.

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça ýanwar — aprel aýlarynda birža söwdalarynyň 97-si geçirilip, 10 müň 192 şertnama hasaba alyndy. Hasabat döwründe Söwda-senagat edarasy tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 138,5 göterime deň boldy, 4 sergi we 17 maslahat guraldy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň dört aýynda oba hojalyk hem-de azyk önümlerini öndürmegiň ösüşi 129,2 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüşi 109,1 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bazarlaryny we söwda nokatlaryny azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmegiň, olaryň bahalaryny durnukly saklamagyň möhümdigini belledi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz dokma pudagyndaky alnyp barylýan işlere ünsi çekip, Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky kärhanalaryň öndürýän önümleriniň görnüşlerini artdyrmak, şol kärhanalary önümçilik-taslama kuwwatlyklaryna çykarmak, hususy ulgamda eksportyň möçberlerini artdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işleri dowam etdirmek babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda gözegçilik edýän ulgamlarynyň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe dürli çäreler, şol sanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna, milli senenamamyzyň şanly senelerine, medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyşyna bagyşlanan çäreler guraldy, döredijilik bäsleşikleri yglan edildi.Daşary işler ministrligi bilen bilelikde köptaraplaýyn we milli hödürnamalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça bilelikde işler alnyp baryldy.

Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde türkmen hünärmenleri daşary ýurtlara iş saparlaryny amala aşyrdylar.

Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Tehas uniwersitetiniň, "Metropoliten" sungat muzeýiniň (ABŞ) wekilleriniň hem-de türkmen hünärmenleriniň gatnaşmagynda taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmäge we rejelemäge bagyşlanan "tegelek stoluň" başyndaky duşuşyk geçirildi.

Türkmen döwlet medeniýet institutynda bu ugurlar boýunça bilim alýan talyplar üçin Tehas uniwersitetiniň wekilleriniň okuw sapaklary guraldy.Türkmen suratkeşleri Özbegistan Respublikasynyň Çeperçilik akademiýasynyň Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen bilelikde Daşkent şäherinde geçiren Türki halklaryň suratkeşleriniň döredijilik duşuşygyna gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň döredijilik işgärleri şekillendiriş we aktýorçylyk sungaty ulgamynda sylaglara mynasyp boldular. 26 — 29-njy aprel aralygynda Türkmenistanyň teatr sungatynyň wekilleri Russiýa Federasiýasynyň Milli drama teatrynyň "Milli teatr mekdebi" atly taslamasynyň çäklerinde okuw maslahatlaryna gatnaşdylar.

Hasabat döwründe Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan dürli neşir önümlerini öndürmek boýunça meýilnama 112,6 göterim ýerine ýetirildi. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler we gazanylýan üstünlikler giňden şöhlelendirildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, "Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda" medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini aýtdy we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe bilim ulgamyndaky özgertmeleriň çäklerinde okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ulanyldy, okuw kitaplary we gollanmalar neşir edildi. Mekdep okuwçylary, talyp ýaşlar halkara ders hem-de internet bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp üstünlik gazandylar. Dürli bilim, döredijilik bäsleşikleri, halkara ylmy-amaly maslahatlar, olimpiadalar guramaçylykly geçirildi. Ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralary açyldy.

Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda ylmy-amaly maslahatlar, sergiler, edebiýat agşamlary, beýleki çäreler guraldy. Russiýa Federasiýasynyň Moskwa we Sankt-Peterburg şäherlerine ylmy saparlar amala aşyrylyp, türkmen edebiýatyna we taryhyna dahylly golýazma çeşmeleriniň 20-siniň elektron nusgalary ýurdumyza getirildi.

Hasabat döwründe keselleriň öňüni almagyň, bejermegiň öňdebaryjy usullary amaly lukmançylyga ornaşdyryldy.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen "Türkmenistanda ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnama" we ony ýerine ýetirmegiň Meýilnamasy tassyklanyldy. Şeýle hem bu döwürde X türkmen-german forumy guramaçylykly geçirilip, daşary ýurtlaryň alym lukmanlary bilen tejribe alyşmak işi ýola goýuldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara dürli görnüşli operasiýalar we bejergiler amala aşyryldy.

Hasabat döwründe bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça işler has-da işjeňleşdirilip, halkara sport ýaryşlarynda 103 medal gazanyldy. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli döwlet Baştutanymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçirildi. Sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlary eýelän türgenlerimize hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyndan dabaraly ýagdaýda sowgatlar gowşuryldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri maksatnamalaýyn esasda dowam etdirmegi, Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna sowgatlary gowşurmak dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi wise-premýere tabşyrdy.

Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew şu ýylyň dört aýynda ministrligiň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatyny durmuşa geçirmek, döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini berjaý etmek maksady bilen, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde pugtalandyrmak boýunça degişli işler alnyp baryldy. Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasyna we Katar Döwletine döwlet saparlaryny, Bahreýn Patyşalygyna resmi, Azerbaýjan Respublikasyna iş saparlaryny amala aşyrdy.

Şu ýylyň başyndan bäri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerinde, Türkiýe Respublikasynda we Germaniýa Federatiw Respublikasynda iş sapary bilen boldy. Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyzda sapar bilen boldy. Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe ýurduň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirdi.

Häzirki wagtda şu ýylda meýilleşdirilen halkara ähmiýetli çärelere taýýarlyk görmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Parlamentara gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatyny durmuşa geçirmegiň möhüm ugry bolup durýar. Hasabat döwründe Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň we Türkmen-koreý parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysynyň ýurdumyza saparlary amala aşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dünýäniň ähli ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň "Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna" laýyklykda alnyp barylýandygyny belledi we bu işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň zerurdygyny aýdyp, degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe bu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüşi 122,8 göterime deň boldy.Ulaglaryň ähli görnüşi arkaly ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini, degişlilikde, 103 we 106,2 göterime deň boldy. "Türkmendemirýollary" agentligi boýunça ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 103,3 göterime, "Türkmenawtoulaglary" agentligi boýunça 121,8 göterime, "Türkmenhowaýollary" agentligi boýunça 299,3 göterime deň boldy.

Hasabat döwründe "Airbus A330-200P2F" kysymly iki sany ýük uçary satyn alyndy we ulanyşa goýberildi. Ýük daşamalary amala aşyrmak üçin täze Aşgabat — Seul — Aşgabat, Aşgabat — Hanoý — Aşgabat ugurlary açyldy. "Türkmendeňizderýaýollary" agentligi boýunça ösüş depgini 109,4 göterime, "Türkmenaragatnaşyk" agentligi boýunça bolsa 111,7 göterime deň boldy.

Hasabatyň dowamynda "Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna" laýyklykda, e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynda alnyp barlan işler barada habar berildi. Şeýle hem hasabat döwründe logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan, türkmen-özbek, türkmen-gazak, türkmen-rus, türkmen-hytaý bilelikdäki iş toparlary döredildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulag we kommunikasiýalar ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, halkara ýük daşamalaryň möçberini artdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň geçen dört aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň bellenen maksatnamalara laýyklykda ösmegini dowam etdirýändigini aýtdy.

Ýurdumyzda şu döwürde jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterim derejesinde saklandy.Watanymyzyň ähli künjeginde köp sanly senagat we durmuş maksatly desgalar guruldy hem-de gurulmagy dowam etdirilýär.

Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde biz importyň ornuny tutýan harytlary özümizde öndürmäge çalyşýarys.Eksporta iberilýän önümleriň möçberini artdyrmagyň döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmegi dowam etdirýäris, sanly ulgama geçmegi we ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmegi amala aşyrýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipeleriň ýerine ýetirilmegi ugrunda tutanýerli zähmet çekmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Maý aýynda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň açylyşy meýilleşdirilýär
Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna doly hukukly agza bolmagyna garaşylýar
Türki akademiýasynyň wekiliýeti mart aýynda Türkmenistana geler
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
26-njy martda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” Änewde geçiriljek çärelere badalga berler