ABŞ-nyň ilçisi Elizabet Rud Balkan welaýatynda iş saparynda boldy

ABŞ-nyň ilçisi Elizabet Rud ABŞ bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik we söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen Balkan welaýatyna sapar etdi.Ol saparynyň dowamynda Türkmenbaşy, Balkanabat şäherleriniň we Balkan welaýatynyň häkimleri bilen duşuşdy.

Ilçi Rud şeýle hem ýerli telekeçiler we sebitde işleýän amerikan kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdy.Mundan başga-da, ilçi Rud “Mert” alpinistler kluby we Maýyplygy bolan adamlaryň merkezi bedenterbiýe-sport kluby ýaly birnäçe jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen duşuşdy.

Ol şeýle hem Türkmenistanyň deňiz ulgamy bilen baglanyşykly dürli desgalara baryp gördi.Ilçi Ruduň sapary ABŞ-nyň Türkmenistanda diplomatik gatnaşyklary ösdürmäge we täjirçilik başlangyçlaryny goldamaga bolan ygrarlylygyny görkezýär.

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy amerikan kompaniýalary we Türkmenistanyň hökümeti bilen maýa goýum we söwda gatnaşyklaryny giňeltmegiň täze ýollaryny tapmak we ykdysady ösüşi höweslendirmek ugrunda iş alyp barýar. /* custom css */ .td_uid_15_674468fd2911a_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_674468fd2911a_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň ilçisi Balkan welaýatyna sapar amala aşyrdy
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2025-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzy sebitlere sapar edip, ýurduň syýasat sahnasynda barha işjeňleşýär
Türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistan bilen Awstriýa bilelikdäki kärhanalary döretmäge gyzyklanma bildirýär
Aşgabatda ABŞ-nyň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik boldy