ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rud ýurtdaky diplomatik missiýasyny tamamlaýar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 18-nji iýulda daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ilçiniň arasynda geçirilen duşuşyk baradaky habarynda aýdylýar.
Elizabet Rud 2024-nji ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşuryp, ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi hökmünde resmi taýdan işine başlady. Şeýlelikde, ol Türkmenistanda iki ýyla golaý wagt diplomatik wezipede işledi.
Resmi maglumata görä, 18-nji iýulda geçirilen duşuşykda taraplar soňky ýyllarda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň oňyn depgin bilen ösýändigini bellediler. Şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmekde ýokary we iň ýokary derejedäki saparlaryň hem-de gatnaşyklaryň möhüm orun eýeleýändigi nygtaldy.
Söhbetdeşler Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, şeýle hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Meredow iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşan goşandy üçin Ruda minnetdarlyk bildirdi we oňa geljekki hünär işinde üstünlik arzuw etdi.
Resmi beýanatda Ruduň hem Türkmenistanda diplomatik gullugyny alyp baran döwründe berlen goldaw we ýardam üçin ýurduň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirendigi aýdylýar.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň resmi habarynda Ruduň diplomatik missiýasyny haçan doly tamamlajakdygy barada maglumat berilmedi.
ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň resmi saýtynda şu ýylyň iýulyndan bäri Kristin Hokinsyň ilçihananyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili -- Chargé d’Affaires, a.i. wezipesini ýerine ýetirýändigi aýdylýar.
