ABŞ-nyň Wise-prezidenti Kamala Karris Afrika Ýurtlarynda Saparda Bolar

ABŞ-nyň Wise-prezidenti Kamala Karris Afrika Ýurtlarynda Saparda Bolar

ABŞ-nyň Wise-prezidenti Kamala Karris, Afrika ýurtlarynda saparda bolar.

Harris, mart aýynyn 26-y bilen aprel aýynyn 1-i aralygynda Ganada, Tanzaniýada we Zambiýada saparda bolar.

Karrisiň Afrika ýurtlaryna gurajak sapary ABŞ-dan şu ýyl Afrika guralan ýokary derejeli 5-nji sapar bolar.

Harrisiň saparynyň çäginde Gananyň Prezidenti Nana Akufo-Addo, Tanzaniýanyň döwlet Ýolbaşçysy Samia Suluhu Hassan we Zambiýanyň döwlet Ýolbşaçysy Hakainde Hiçilema bilen duşuşmagyna garaşylýar.

ABŞ-nyň Wise-prezidenti saparynyň çäginde şeýle hem hususy pudagyň wekilleri, zenan işewürler we ýaşlar bilen duşuşar.

Terror guramasy DAEŞ-e garşy göreş meselesi hem Harrisiň saparynyň gün tertibinde esasy orun eýeleýär.

Ýene degişli makalalar

Amerikan Saýlawy
Kamala Harris Prezidentlige Saýlanan Halatynda Ukraina Goldaw Bermäge Dowam Eder
Kamala Harris Ýeňilendigini Boýun Aldy
Ukraina Meselesi Şweýsariýada Geçiriljek Maslahatda Ara Alnyp Maslahatlaşylar
Kamala Harris: ýeňiş gazanmagy niýet edýärin
“Prezidentiň Goldawyny Alandygym Üçin Buýsanýaryn”
Diňle: Türkmen intelligensiýasy Baýdeniň bäsleşikden çekilmegini ara alyp maslahatlaşýar, sapak çykarýar