ABŞ-nyň Ýörite wekili sapar bilen Türkmenistana geler

ABŞ-nyň Ýörite wekili sapar bilen Türkmenistana geler

ABŞ-nyň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça Ýörite wekili, ilçi Serjio Gor 2223-nji ýanwar aralygynda iş sapary bilen Türkmenistana geler. Bu barada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamenti çarşenbe güni habar berdi.

Saparyň çäklerinde ilçi Serjio Gor Türkmenistanyň Hökümetiniň hem-de işewür toparlarynyň wekilleri bilen ýokary derejeli duşuşyklary geçirmegi meýilleşdirilýär. Duşuşyklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek, ykdysady gatnaşyklary berkitmek hem-de sebitde durnuklylygy pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berler.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary iki ýurt üçin hem bähbitli boljak özara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagy göz öňünde tutýar.

Şeýle hem ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio 2026-njy ýylda Merkezi Aziýanyň bäş ýurduna sapar etmegi meýilleşdirýär.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-da “C5+1” ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda kabul edişlik geçirildi
Döwlet sekretary Rubio türkmen baş diplomaty bilen gepleşdi
Waşingtonda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi
Türkmenistan we ABŞ energiýa hem-de howpsuzlyk meselelerini maslahat etdiler
WAŞINGTONDA TÜRKMENISTANYŇ WE ABŞ-NYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
ABŞ Türkmenistanyň Trans-Hazar arkaly gaz eksport ugruny üýtgetmek islegini goldady