Döwlet sekretary Rubio türkmen baş diplomaty bilen gepleşdi

Döwlet sekretary Rubio türkmen baş diplomaty bilen gepleşdi

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio we ýörite wekil Serjio Gor 30-njy ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy özüniň instagram sahypasynda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekiliniň birinji orunbasary Tommi Pigot tarapyndan berlen maglumata salgylanyp habar berýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda Merkezi Aziýada sebit howpsuzlygyny hem-de ykdysady ösüşi berkitmek boýunça alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maglumatda döwlet sekretary Marko Rubionyň Birleşen Ştatlaryň Türkmenistan bilen işewür gatnaşyklary ösdürmäge we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklandygy bellenilýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ABŞ-nyň ýokary derejeli resmileri bilen geçen hepdäniň aýagynda bolan telefon söhbetdeşlik barada maglumat bermeýär.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-da “C5+1” ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda kabul edişlik geçirildi
ABŞ-nyň Ýörite wekili sapar bilen Türkmenistana geler
ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio türkmenistanlylary Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Minerallar diplomatiýasy’. Tramp Merkezi Aziýa liderleri bilen ýokary derejeli sammiti geçirýär
Waşington sammitinde Tramp bilen Merkezi Aziýa ýurtlary möhüm minerallar boýunça ylalaşyga geldi
ABŞ-nyň Döwlet sekretary 2026-njy ýylda Merkezi Aziýa ýurtlaryna sapar etmekçi