“ABŞ, Terror Guramasy PKK/ÝPG-ä Dikuçar Tälimini Berdimi?”

“ABŞ, Terror Guramasy PKK/ÝPG-ä Dikuçar Tälimini Berdimi?”

ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi Patrik Raýder, Amerikan güýçleriniň Siriýada SDG adyny ulanýan terror guramasy PKK/ÝPG-ä dikuçar tälimini berip bermändigi hakyndaky soraga “Harby tälim berilmedi” diýip jogap berdi.

Yragyň demirgazygynda PKK agza terrorçylary alyp barýan dikuçaryň heläkçilige uçramagy sebäpli, dikuçaryň guramanyň eline nähili ýagdaýda geçendigi meselesi gün tertibine getirildi. Beýleki tarapdan ünsler guramanyň Siriýadaky bölümine harby tälim we ýarag kömegini berýän ABŞ-na gönükdi.

Patrik Raýder, Anadoly habarlar gullugynyň PKK-ly alyp barýan dikuçaryň heläkçilige uçrandygyny ýatladyp “Siriýada SDG-a dikuçarlaryň ulanylmagy üçin harby tälim berdiňizmi?” diýen soragyna “Harby tälim berilmedi” diýip jogap berdi.

Yragyň Kürt Awtonomiýasy, Duhok şäheriniň Çemanke etrapasynda heläkçilige uçran dikuçar barada beýannama beripdi.

Beýannamada, “Sebitdäki degişli guramalar, heläkçilige uçran dikuçar hakynda Yragyň merkezi hökümeti, halkara hyzmatdaş güýçleri we Türkiýe bilen aragatnaşyk saklady. Emma dikuçaryň olara degişli bolmandygy nygtaldy. Geçirlen ilkinji barlaglar, Eurojopter AS350 kysymly uçarda ýogalanlaryň käbiriniň PKK-ly terrorçylardygyny görkezýär. Dikuçaryň haýsy ýurda degişlidiginiň doly anyklanylmagy üçin giň gerimli barlag geçirilýär” diýildi.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Yrakda saparda boldy
Prezident Erdoganyň Yraga Guran Sapary
Ýene-de 4 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Terrorçy Wahide Atalaý Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
"Türkiyäniň we sebitiň geljeginde terroryň ýeriniň ýokdugyny hemmelere görkezmekde tutanýerlidiris"
Siriýanyň demirgazygynda PKK/ÝPG-e agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär