ABŞ Türkiyä satylmagy meýilleşdirilen F-16 harby uçarlar barada beýannama berdi

ABŞ Türkiyä satylmagy meýilleşdirilen F-16 harby uçarlar barada beýannama berdi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda Ak Tamyň Milli Howpsuzlyk geňeşiniň Strategik aragatnaşyk koordinatory Jon Kirbi gündelik metbugat ýygnagynda Türkiyä satylmagy meýilleşdirilen F-16 uçarlar barada beýannama berdi.

Jo Baýdeniň ýolbaşçylygyndaky hökümediň wezipä başlanyndan bäri bu meselede meňzeş çemeleşmä eýedigini aýdan Jon Kirbi: "Goşmaça F-16 harby uçarlarynyň satylmagy we Türkiyäniň F-16 uçarlarynyň modernizasiýasyny goldamaga dowam edýäris" diýip mälim etdi.

Jon Kirbi F-16 harby uçarlaryň satuwy barada Kongrese haçan resmi habar beriljekdigi barada we satuw tertibi barada takyk maglumat berip bilmejekdigini aýtdy.

Türkiye 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda 40 sany blok-70 F-16 harby uçary we 79 sany döwrebaplaşdyryş enjamy satyn almak üçin ABŞ-na niýet hatyny ugradypdy.

ABŞ-nyň hökümedi bolsa şu günki güne çenli beren beýanatlarynda Türkiyä F-16 harby uçarlarynyň satylmagyna goldaw berýändigini aýtsada, Kongrese haçan resmi habar berjekdigi barada anyk beýanat bermedi.

Ýene degişli makalalar

Baýden Bilen Al Sani Parahatçylyk Teklibi Hakynda Pikir Alyşdy
Netanýahu Salliwan Bilen Duşuşdy
ABŞ Ukraina goşmaça howpsuzlyk kömegini berer
Ukraina-Russiýa urşunda çaknyşyklar güýçlendi
Ýaponiýada naharyň tagamyny gowulandyrýan akylly çemçe satuwa çykaryldy
ABŞ-da Harby Uçar Heläkçilige Uçrady