Ukraina-Russiýa urşunda çaknyşyklar güýçlendi

Ukraina-Russiýa urşunda çaknyşyklar güýçlendi

Kiýew Rostowdaky ýene-de bir nebit ammaryna hüjüm gurandygyny tassyklady. Desgada ýangyn boldy.

Ukraina Kirow we Woronež sebitlerindäki enrgetika desgalarynada hüjüm gurady.

Russiýa hem Ukrainanyň käbir sebitlerine hüjüm gurady.

Russiýanyň harby güýçleri paýtagt Kiýewe we Çerkassy sebitlerine köp sanda uçarmansyz howa ulaglary we rekatelar bilen hüjüm gurady. Donetskde aldym-berdimli çaknyşyklar dowam edýärkä, asuda ilat ewakuasiýa edilýär.

Beýleki tarapdan Russiýa ABŞ-na garşy täze bir göçüm etdi.

Aralarynda metbugat işgärleri, kärhananyň ýolbaşçylary, harby resmiler we alymlar bolan 92 amerikan raýaty sanksiýa sanawyna alyndy.

2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Russiýanyň döwlet baştutany Wladimir Putin Ukrainanyň basylyp alynmagy barada buýruk berdi, şeýlelik bilen Russiýa-Ukraina uruşy başlapdy.

Ýene degişli makalalar

Orsýetiň Ukrainada urşy başlamagyna 3 ýyl boldy. Türkmenistanlylar näme pikirde?
Ukraina Rus generaly Igor Krillowy öldürdi, Moskowa ar aljakdygyna kasam etdi
Türkmenabadyň agyz suw desgasynda näsazlyk ýüze çykdy, şäher ilatynyň suw üpjünçiligi kesildi
Indoneziýadaky nikel desgasynda bolan partlamada ýogalan adamlaryň sany artdy
Hýundai Russiýadaky Desgasyny Satar
Aşgabat ýurdumyzyň ýüregi