Ukraina Rus generaly Igor Krillowy öldürdi, Moskowa ar aljakdygyna kasam etdi

Ukraina Rus generaly Igor Krillowy öldürdi, Moskowa ar aljakdygyna kasam etdi

“Reýteriň” we “AFP-niň” atsyz çeşmelere esaslandyrýan habaryna görä Ukrainanyň howpsuzlyk güýçleri Moskwada geçirilen ýörite operasiýalardan birinde rus generaly Igor Kirillowy öldürdi.

Resmi Kiýew Kirillowy harby jenaýatçy hökmünde kabul edýärdi we Ukrainanyň goşunyna garşy gadagan edilen himiki ýaraglaryň ulanylmagy hakynda görkezme berendigini öňe sürýärdi.

Kiýew Kirillowy “dolulygyna kanuny nyşana” diýip, häsýetlendiripdi. Russiýanyň Howpsuzlyk geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Dmitri Medwedew bu aksiýa üçin Ukrainanyň hökümetine ýakyn gelejekde gaýtawul görkeziljekdigini duýdurdy.

Ýene degişli makalalar

Zelenskiý Russiýany urşy uzaltmaga synanyşmakda aýyplady we howpsuzlyk kepilliklerini talap etdi
Ukraina: Russiýa parahatçylyk gepleşikleriniň geçirilýän mahalynda Kiýewe howa hüjümini gurady
Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde partlama boldy
Rus serkerdäniň ýogalmagy bilen netijelenen hüjümiň jogapkärdigi güman edilýän adam tussag edildi
Kreml: ABŞ bilen Ukraina boýunça geçirlen gepleşikler peýdaly, emma uly gapma-garşylyklar bar
ABŞ BAE-de rus we ukrain resmileri bilen gizlin gepleşikler geçirýär