Rus serkerdäniň ýogalmagy bilen netijelenen hüjümiň jogapkärdigi güman edilýän adam tussag edildi

Rus serkerdäniň ýogalmagy bilen netijelenen hüjümiň jogapkärdigi güman edilýän adam tussag edildi

Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde Russiýanyň Ýaragly güýçleriniň Radiasiýa, himiýa we biologiki goranyş güýçleriniň serkerdesi Igor Kirillowyň we orunbasarynyň ýogalmagy bilen netijelenen partlama bilen baglanşykly göz tussaglygyna alynan Özbegistanyň raýaty bolan Ahmad Kurbanow tussag edildi.

Özbegistanyň raýaty bolan Ahmad Kurbanow tussag edilmegi baradaky talap bilen ugradylan paýtagt Moskwa şäherindäki Basmannyý kazyýetinde kazynyň öňüne çykdy.

Russiýanyň Ýaragly güýçleriniň Radiasiýa, himiýa we biologiki goranyş güýçleriniň serkerdesi Igor Kirillowyň we orunbasary Ilýa Polikarpowyň ýogalmagy bilen netijelenen partlama boýunça günäkärlenýän Ahmad Kurbanow, kazyýetiň karary bilen 2 aý möhlet bilen tussag edildi.

Kreml tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýewiň telefon arkaly söhbetdeş bolup, hüjüm bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşandyklary habar berildi.

Sişenbe güni irden Moskwanyň Rýazan köçesindäki ýaşaýyş jaýynyň birinji gatynda bolup geçen partlamada Kirillow we onuň orunbasary Polikarpow ýogalypdy.

Ahmad Kurbanow 18-nji dekabrda waka bilen bagly geçirilen operasiýada göz tussaglygyna alynypdy.

Ýene degişli makalalar

Kreml: ABŞ bilen Ukraina boýunça geçirlen gepleşikler peýdaly, emma uly gapma-garşylyklar bar
Zelenskiý Russiýany urşy uzaltmaga synanyşmakda aýyplady we howpsuzlyk kepilliklerini talap etdi
ABŞ BAE-de rus we ukrain resmileri bilen gizlin gepleşikler geçirýär
Ukraina Floridada netijeli gepleşikler geçirdi
Ukraina: Russiýa parahatçylyk gepleşikleriniň geçirilýän mahalynda Kiýewe howa hüjümini gurady
Daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryny Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany