ABŞ Türkmenistana metan boýunça bilermenlerini iberdi

ABŞ Türkmenistana metan boýunça bilermenlerini iberdi

ABŞ-nyň Hökümetiniň goldawy bilen Türkmenistanda howa zyňylýan metan zyňyndylaryny çäklendirmek boýunça meýilnamany taýýarlamak üçin Türkmenistana nebit inženerleri iberildi. Bu barada Bloomberg habar berdi.

Tehniki hünärmenler döwlet nebit we gaz kompaniýalarynyň işgärleri bilen metan zyňyndylarynyň bölünip çykýan çeşmelerini öwrenip, geljekde olaryň öňüni almak üçin mümkin bolan usullaryň üstünde gözleg işlerini alyp bararlar.

Mundan ozal Türkmenistan we ABŞ maý aýynda bu ugurda iş toparyny döretmek we bilelikdäki maýa goýum meýilnamasyny düzmek barada ylalaşypdylar.

Golaýda bolsa Türkmenistan ABŞ we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Ählumumy metan borçnamasyna goşuldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilen COP-28 forumynda eden çykyşynda belleýşi ýaly, Türkmenistanda ýangyç-energetika toplumynda ugurdaş nebit gazynyň gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmak we tebigy gaz iberilende, onuň ýitgisini kemeltmek arkaly zyňyndylary azaltmak boýunça uly işler ýerine ýetirilýär.

Ýene degişli makalalar

Germaniýada Kanslerlige iň meşhur dalaşgär
'STOP Methane': Türkmenistan dünýäniň iň uly metan syzdyryjysy
Tüwiniň bahasy soňky 15 ýylda iň ýokary derejede gymmatlady
Bloomberg: Abu-Dabi milliarderleriň täze merkezi boldy
2023-nji ýylda dünýäniň iň baý maşgalalary
“Bloomberg”: dünýäniň 500 baýy