ABŞ Ukraina Hawk howa goranyş ulgamyny satar

ABŞ Ukraina Hawk howa goranyş ulgamyny satar

ABŞ-nyň döwlet sekretarlygyndan berilen beýanatda, resmi Kiýewiň Hawk howa goranyş ulgamlary üçin abatlaýyş we goşmaça şaýlaryny üpjün etmek maksady bilen Ukraina gyssagly 138 million dollarlyk daşary ýurt harby satuwyň geçirilmeginiň tassyklanandygy mälim edildi.

Beýanatda Hawk howa goranyş ulgamlarynyň ýerleşdirilmeginiň Ukrainanyň halkyny we milli infrastrukturasyny goramak mümkinçiligini artdyrjakdygy bellenip: "Ukrainanyň rus hüjümlerine garşy goranyş kuwwatyny ýokarlandyrmagy gyssagly bir zerurlykdyr" diýip habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Ukrainanyň Harkow şäherine hüjüm gurady
Russiýa: "Üç ýaşaýyş zolagyny gözegçilik astyna aldyk" diýdi
Germaniýada ýedi merkezi aziýaly, şol sanda bir türkmenistanly terrorçylykda aýyplanýar
Russiýa Donetsk sebitindäki Nowokalinowo basyp aldy
Blinken Kiýewe Bardy
Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň ukrain diline terjime edilen ýygyndysy çap edildi