Blinken Kiýewe Bardy

Blinken Kiýewe Bardy

Entoni Blinken sosial media platformasy X-den beren habarnamasynda Ukraina goldawyny nygtap; “Rus agressiýasyna garşy azatygy ugrunda göreşýän Ukraina mizemez goldawyny görkezmek üçin şu gün Kiýewe geldim” diýip, ýazdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň Metbugat gullugynyň başlygy Mattew Miller habarnama salgylanyp, Blinkeniň Kiýewde Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý we beýleki ýokary derejeli liderler bilen duşuşjakdygyny habar ebrdi.

Miller Blinkeniň liderler bilen ABŞ-nyň täze howpsuzlyk we ykdysady kömekleriniň netijesi bilen Ukrainanyň ykdysady galkynyşyny goldaýjy başlangyçlar hakynda pikir alyşjakdygyny mälim etdi.

Russiýa soňky günlerde Ukrainanyň demirgazyk serhedindäki Harkowda hüjümlerini artdyryp, sebiti uruş liniýasyna degişli edipdi.

Rus goşuny soňky birnaçe günüň dowamynda Harkowdaky 10-dan gowrak ilatly ýeriň gözegçiligini ele geçiripdi. Ukraina artan rus hüjüm hüjümlerine garşy günbatardan harby goldawyny artdyrmagyny isleýär.

Ýene degişli makalalar

Ýewropada Ukrainanyň howpsuzlyk kepillikleri maslahatlaşylýarka, Russiýa Kupýansky ele saldy
Russiýanyň Ukrainadaky hüjümlerinde alty adam ýogaldy, onlarça adam ýaralandy
Russiýanyň Ukraina guran hüjümlerinde bäş adam ýogaldy
Orsýetiň Ukrainada urşy başlamagyna 3 ýyl boldy. Türkmenistanlylar näme pikirde?
Russiýanyň Kiýewe guran hüjümlerinde 4 adam ýogaldy, 10 adam ýaralandy
Russiýa tarapyndan Harkowa guralan hüjümde birnäçe adam ýogaldy