ABŞ ýene-de ÝUNESKO dolandy

ABŞ-nyň ÝUNESKO-nyň düzümine gaýdyp gelmek tertibi tamamlandy, Birleşen Ştatlar ýene-de guramanyň agza döwleti boldy. Bu barada ÝUNESKO-nyň metbugat gullugy tarapyndan ýaýradylan habarda aýdylýar.

-ABŞ-nyň ÝUNESKO gaýdyp gelmegi boýunça işler tamamlandy: Birleşen Ştatlar biziň guramamyzyň ýene-de resmi taýdan agza döwleti boldy – diýip, ÝUNESKO-nyň baş müdiri Odre Azule aýdýar. – Şeýlelikde, ÝUNESKO ýene-de köptaraplyga tarap hereket edýär diýip, Azule sözüniň üstüne goşdy.

Guramanyň metbugat gullugynda 9-njy iýulda Odre Azuleniň amerikan tarapy bilen telefon arkaly gürrüňdeşlik geçirendigi we onuň dowamynda oňa Waşingtonda ÝUNESKO-nyň düzgünnamasyny kabul etmek barada resminama gol çekilendiginiň habar berlendigi aýdylýar.

30-njy iýunda ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň nobatdan daşary sessiýasyna gatnaşyjylar Waşington tarapyndan teklip edilen bergini az-azdan üzmek şertlerinde ABŞ-nyň guramanyň düzümine gaýdyp gelmegi baradaky kararnamany tassykladylar.

Ýene degişli makalalar

Rabat şäheri Bütindünýä kitap paýtagty saýlandy
Jemgyýetiň ösüşine medeniýetiň goşandy
Ýene on ýyldan dünýäde suw ýetmezçiligi dörär diýlip çaklanylýar
Aşgabat jemleýji resminamasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň hem-de Howpsuzlyk Geňeşiniň resminamasy hökmünde ýaýradyldy
AŞGABAT JEMLEÝJI RESMINAMASY BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 75-NJI MEJLISINIŇ WE HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ RESMINAMASY HÖKMÜNDE ÝAÝRADYLDY
Milli Liderimiz Halkara ýubileý maslahatyna gatnaşdy
Milli Liderimiz Halkara ýubileý maslahatyna gatnaşdy