ABŞ Ysraýyla, Birleşen Arap Emirliklerine, Kuweýde we Katara 8,6 milliard dollarlyk ýarag satar

ABŞ Ysraýyla, Birleşen Arap Emirliklerine, Kuweýde we Katara 8,6 milliard dollarlyk ýarag satar

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy Ýakyn Gündogardaky ýaranlary Ysraýyla, Katara, Kuweýde we Birleşen Arap Emirliklerine jemi 8,6 milliard dollarlyk ýaragyň we harby enjamyň satylmagyny tassyklady.

Döwlet sekretarlygy anna güni, ABŞ bilen Ysraýylyň Eýrana garşy başladan söweşinden 9 hepde, Pakistanyň töwellaçylyk etmeginde atyşygyň bes edilmegi boýunça gazanylan ylalaşykdan 3 hepde soň täze ýarag satuwynyň tassyklanandygyny habar berdi.

Döwlet sekretarlygyndan berlen beýannama görä, Katara 4,01 milliard dollarlyk Patriot howa goranyş ulgamlary bilen 992,4 million dollarlyk takyk öldüriji ýarag ulgamlary satylar.

Döwlet sekretarlygy şeýle hem Kuweýde 2,5 milliard dollarlyk toplumlaýyn söweş ulgamlary bilen Ysraýyla 992,4 million dollarlyk takyk öldürüji ýarag ulgamlarynyň satylmagyny tassyklady.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy Birleşen Arap Emirliklerine 147,6 million dollarlyk takyk öldüriji ýarag ulgamlarynyň satylmagyny tassyklady.

ABŞ bilen Ysraýyl 28-nji fewralda Eýrana garşy birlikde hüjüm guramaga başlady.

Bu Tähranyň ABŞ-nyň Aýlag ýurtlaryndaky ýaranlaryna hüjüm guramagyna we Ormuz bogazyny ýapmagyna sebäp boldy.

8-nji aprelde atyşygyň bes edilmegi boýunça ylalaşyk gazanyldy. Şol günden soň taraplaryň arasynda geçirlen ilkinji gepleşikden netije alnyp bilinmedi.

Ýene degişli makalalar

Zelenskiý we Fidan Damaskda saparda bolýar
Eýran ABŞ-nyň Iordaniýadaky harby howa bazasyna hüjüm gurandygyny beýan etdi
Eýran ABŞ-nyň Kuweýtdäki we Bahreýndäki harby merkezlerine hüjüm gurady
Türk-Amerikan Gatnaşyklarynyň Çykgynsyzlyklary
Ibrahim Kalyn Bloomberg kanalyna beýanat berdi
Daşary ýurt metbugatyna syn