zdf.de: Ýewropa Bileleşigi Komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Margaritis Shinas, Ýewropanyň sanly sanjym resminamasynyň 1-nji iýunda taýar boljakdygyny habar berdi.
Welt.de: Germaniýada adam söwdasyny edýän toparlara garşy şol bir wagtyň özünde 2 aýry operasiýa geçirildi.
Deutsche Welle: Germaniýada aşa sagjylaryň internediň üsti bilen çap eden sanawlarynda rasizme garşy göreş alyp barýan adamlaryň atlaryny aýan etmekleri işleri kynlaşdyrýar.
El Mundo (Ispaniýa): Ispaniýanyň Marbella şäherinde AstraZeneka sanjymyny etdireninden soň, beýnä ganyň inmegi sebäpli ýogalan zenan mugallymyň näme sebäpli ýogalandygy derňelýär.
La Tersera (Çili): Çilide Sinowak sanjymy kliniki derňewleriň netijesinde, sanjym etdirenleriň 90 göteriminde 2-nji dozadan soň antitela döreýär.
La Jornada (Meksika): Meksikanyň Döwlet baştutany Anders M.Lopez Obrador, Kazyýetde özgretme kanunyny Senata ugratdy.
Le Monde (Fransiýa): Fransiýada koronawirus epidemiýasynyň iň köp täsir ýetiren sebitlerinde şu hepdäniň ahyrynda goşmaça çäreler görülmäge başlanar.
Al Jazeera: Müsüriň hökümedi, Kowid-19-yň 3-nji tolkuny bilen baglanşykly durýduryş berdi.
Al Jazeera: Merkezi Londonda ýerleşýän Reuters habarlar agentligi, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Badeniň ýolbaşçylygyndaky hökümediň, palestinalylar bilen gatnaşyklaryny ýaňadandan ýola goýmak üçin meýilnamanyň üstünde işleýändigini habar berdi.
Al-Kudus Al-Arabi: Marokko ABŞ-nyň Patriot we Russiýanyň S-400 howa goranyş ulgamlary bilen bagly beýanatyndan soň, Hytaýdan döwrebap howa goranyş ulgamyny satyn alýar.
Rossiýskaýa gazedi: Russiýanyň Daşary işler ministrligi, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň beýanatyndan soň Russiýanyň Waşington şäherindäki ilçisini geňeşmeler üçin Moskwa çagyrdy.
Lenta.ru: ABŞ-nyň hökümeti Russiýa garşy täze sanksiýa kararyny aýan etdi.
Izwestiýa gazedi: Russiýadaky öýjükli telefonlaryň operatorlarynyň, ulanyjylaryň maglumatlaryny Roskomnadzor edarasy bilen paýlaşmaklary mejbury ýagdaýa getirilip biliner.
