Aşgabatda Jaz we onuň töweregi atly konsert geçiriler

Aşgabatda Jaz we onuň töweregi atly konsert geçiriler

Aşgabatlylar we paýtagtyň myhmanlary 8-nji iýulda Mukamlar köşgünde geçiriljek Jaz we onuň töweregi atly aýdym-sazly konserte gatnaşmaga çagyrylýar.

Bu konsertde Maýsa Nyýazowa we Döwran Şammyýew, Ilgiz Galimow (tenor-saksofon), Babaguly Goşaýew (truba), Döwran Gylyjow (trombon), Wladimir Mkrtumow (klawiş), Aram Bezikýan (kakuwly saz gural) hem-de Igor Şewsow (bas-gitara) ýaly aýdymçy-sazandalar çykyş edýär.

Konsertiň dowamynda şeýle-de meşhur jaz sazlary ýaňlanar. Konsert 19:00-da başlanar.

Gatnaşmak üçin petekler barada şu telefon belgilere jaň edip gyzyklanyp bilersiňiz: 22 38 98; 51 41 57; 863 46 71 77; 864 03 74 56.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda baky juwan jaz ýaňlandy
Aşgabatda jazz konserti köp tomaşaçy jemledi 
Zehinli ýaşlaryň festiwaly atly bir aýlygyň çäklerinde konsert agşamy geçirildi
Jaz ritmleri we teatr sahnasy tomaşaçylary çagyrýar
Baky hyzmatdaşlygyň we bileleşigiň 11 resminamasy, Täjigistanyň prezidentiniň Özbegistana eden saparynyň netijesi
Paşinýan: “Türkiýe Bilen Dialog Tapgyry Netijeli”