Paýtagtymyz Aşgabadyň medeni durmuşy özüniň köpdürlüligi bilen begendirmegini dowam edýär.Bahar paslynyň gelmegi bilen, şäherimiziň medeni maksatnamasy birnäçe garaşylýan ilkinji görkezilişleri we konsertleri taýynlap, has-da baýlaşar. Ýetip gelýän baýramçylyklaryň joşgunly owazyny dabaralandyrjak jaz agşamy saz dünýäsiniň ilkinji ajaýyp sowgady bolar. 28-nji fewralda sagat 19:00-da Watan kinokonsert merkezinde Kowus Bäşimowyň ýolbaşçylygyndaky Jazz till dawn jaz orkestriniň konserti bolar.
Tomaşaçylar solistler Döwran Şammyýewiň, Bahar Durdyýewanyň we Täzegül Baýramowanyň ýerine ýetirmeginde iň gowy jaz eserlerini diňläp bilerler.Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň teatr sahnalarynda gyzykly pursatlara baý bolan eserler görkeziler.
Tomaşaçylara söýgi we ylham baradaky romantiki sahna eserleri garaşýar.Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry: 28.02.2026: Sen söýseň meni 19:00; 01.03.2026: Är we aýal 19:00.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry: 28.02.2026: Durmuş diňe düýş däl 19:00; 01.03.2026: Gurbannazar Ezizow 19:00.Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry: 28.02.2026: Oýun bir, maza iki 19:00; 01.03.2026: Mähriban dideler 19:00.
A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry: 28.02.2026: Egri garga 12:00; 28.02.2026: 41-iň zenanlary alty gelin 19:00; 01.03.2026: Böwenjik 11:00; 13:00; 01.03.2026: Mähriban zenanlar, Siziň üçin atly konsert 19:00.
Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry: 28.02.2026: Amanat giýew 19:00; 01.03.2026: Gülki agşamy 19:00.Türkmen döwlet gurjak teatry: 28.02.2026: Bir towşanjyk bar ekeni 17:00; 28.02.2026: Çagaly öý bazar 19:00; 01.03.2026: Dostlar 12:00; 17:00; 01.03.2026: Çagaly öý bazar 19:00.
