ABŞ ÝUNESKO agza bolar

ABŞ-nyň ÝUNESKO guramasyna (Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy) iýul aýyndan başlap gaýtadan goşuljakdygy mälim edildi.Guramanyň Baş müdiri Odre Azule ABŞ-nyň ozalky ýyllardaky gurama bermeli gatanjyny tölemek baradaky meýilnamasyny resmi ýagdaýda özlerine ýetirendigini aýtdy.

Guramanyň beren beýanatynda Palestinanyň agzalyga kabul edilmegi bilen ýüze çykan 10 ýyla çeken düşünişmezlik tamamlanandan soňra, ABŞ-nyň gurama gaýtadan goşulmagy we 600 million dollardan gowrak tölenmedik bergisini tölemegi kabul edendigini mälim etdi. 2020-nji ýylyň ahyryndaky ýagdaýa görä, ABŞ-nyň ÝUNESKO 616 million dollar möçberinde tölenmedik agzalyk gatanjynyň bardygy mälim edildi.

ABŞ ÝUNESKO töleýän gatanjynyň paýy 22 göterime barabar. 2011-nji ýylda Palestinanyň gurama agza bolmagy bilen gatanç tölemegi bes edipdi. 2017-nji ýylda bolsa, agzalykdan çykypdy. Ýurt bu guramadan resmi ýagdaýda 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda resmi ýagdaýda çykypdy.

ÝUNESKO-nyň esaslandyryjy agzalarynyň biri bolan ABŞ mundan ozal 1984-nji ýylda şol wagtky Prezident Ronald Reýganyň döwründe agzalykdan çykypdy. 2003-nji ýylda gaýtadan agza bolupdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken geçen ýylyň aprelinde Wekiller Palatasynyň agzalarynyň öňünde eden çykyşynda bu Gurama gaýtadan goşulmagyň ýurduň bähbitleri üçin ähmiýetlidigini nygtapdy.

Ýene degişli makalalar

Rabat şäheri Bütindünýä kitap paýtagty saýlandy
Jemgyýetiň ösüşine medeniýetiň goşandy
Ýene on ýyldan dünýäde suw ýetmezçiligi dörär diýlip çaklanylýar
Aşgabat jemleýji resminamasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň hem-de Howpsuzlyk Geňeşiniň resminamasy hökmünde ýaýradyldy
AŞGABAT JEMLEÝJI RESMINAMASY BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 75-NJI MEJLISINIŇ WE HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ RESMINAMASY HÖKMÜNDE ÝAÝRADYLDY
Milli Liderimiz Halkara ýubileý maslahatyna gatnaşdy
Milli Liderimiz Halkara ýubileý maslahatyna gatnaşdy