Abu-Dabiniň täze meýilnamasy

Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabide täze taslama ýola goýlup, ýakyn wagtda syýahatçylara Abu-Dabiniň çöllerinde başdan geçirmelere baý syýahaty amala aşyrmaga mümkinçilik dörediler. Bu barada Abu-Dabiniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi habar berdi.

Offroad Areas In Abu Dhabi taslamasy Abu-Dabiniň, Al-Dafrunyň we Al-Aýnyň beýikli-pesli ýollary bilen uzaýan alty sany ugrundan ybarat bolup, öz awtoulagynda gezelenje gitmegi ýüregine düwen syýahatçylara niýetlenendir.

Bu taslama boýunça ugurlarda sürüjilik tejribesi nazara alnyp, hünärmenlere we täze başlanlara giň mümkinçilikler döredilendir. Her ugurda düýeleri, jerenleri we çöl aňňatlarynyň ajaýyp görnüşlerini synlamak we oazislere baryp görmek ýaly dürli gezelenç mümkinçilikleri göz öňünde tutulan.

Sürüjiler dürli tehnologik kartalar we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça gözükdirmeler bilen üpjün ediler. Ýurtda ulag sürmekde tejribesi bolmadyklara syýahatçylyk operatorlary tarapyndan başdan geçirmeleri iň ýokary howpsuzlyk bilen geçirmäge kömek etmek üçin döredilen ýörite kurslar bar. Ýollaryň her bir ugry Google Maps programmasy arkaly ugrukdyrylar.

Dürli-dürlüligi we belentli-pesli manzary bilen tanalýan Abu-Dabiniň çölleri başdan geçirmeleri söýýänler we tebigat bilen aragatnaşyk saklamak isleýänler üçin ajaýyp mümkinçilikdir.Capital Gate Tourism and Adventure, şeýle hem Anantara Qasr Al Sarab Resort bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etdik, hemmeler üçin gyzykly we howpsuz başdan geçirmeleri üpjün etmek üçin iň oňat ugurlary taýýarladyk diýip, Abu-Dabiniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň Syýahatçylyk we marketing bölüminiň ýerine ýetiriji direktory Ali Hasan Al Şaýba aýtdy.

Offroad Areas In Abu Dhabi başdan geçirmeleri gözleýänlere Abu-Dabiniň çölleriniň ajaýyp görnüşlerinden lezzet almaga, şeýle hem tolgundyryjy syýahat etmäge mümkinçilik döredýär. Şeýle hem bu taslama syýahatçylara çöl täsirleri nukdaýnazaryndan täze mümkinçilikler açýar.

The post Abu-Dabiniň täze meýilnamasy appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

01.11.2017 | Awazada halkara syýahatçylyk maslahaty açyldy
Awazada halkara syýahatçylyk maslahaty açyldy
Dünýäniň täsin akwaparklary
11.10.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy
11.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Soçide RF-niň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy
Beýik ýerde ýerleşýän howuz