AÇL 2023/24: “Ahal” “Al-Feýhanyň” myhmany bolar

AÇL  2023/24: “Ahal” “Al-Feýhanyň” myhmany bolar

“Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň “Ahal” futbol topary şu gün AFK-nyň Çempionlar ligasynyň bäşinji tapgyrynyň çäginde Saud Arabystanynyň “Al-Feýha” toparynyň myhmany bolar.

Şu gün “Prince Faisal bin Fahd” stadionynda geçiriljek duşuşyk Aşgabat wagty bilen agşam sagat 21-de başlanar.

Iki topar AÇL-niň şu möwsümindäki ilkinji duşuşygyny Türkmenistanda geçiripdiler. Şol duşuşyk Serdar Geldiýewiň şägirtleriniň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanypdy.

Dört duşuşykda dört utuk toplan bilen “Ahal” “A” toparçasynda üçünji orny eýeleýär. Dördünji orundaky “Al-Feýhanyň” bolsa 3 utugy bar. 12 utukly “Al-Aýn” (BAE) ýaryşyň indiki tapgyryna çykmaga hukuk gazanan bolsa, özbekleriň “Pahtakorynyň” 4 utugy bar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Baş arçasynyň yşyklary 15-nji dekabrda ýakylar, Türkmenistanda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bellenilýär we beýleki habarlar
Nahajul Faradis atly eseriň türki dile goşan goşandy
Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň Aşgabatdaky tapgyrlary tamamlandy
Dördünji günden soň türkmenistanly samboçylaryň yklym çempionatyndaky medallary 16-a ýetdi
Tennis boýunça Merkezi Aziýanyň birinjiliginiň (U-12) turnir tablisasy: 4-nji tapgyryň jemleri
Rolan Garrosyň bu ýylky baýrak gaznasy belli boldy