Türkmenistanyň Baş arçasynyň yşyklary 15-nji dekabrda ýakylar, Türkmenistanda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bellenilýär we beýleki habarlar

Türkmenistanyň Baş arçasynyň yşyklary 15-nji dekabrda ýakylar, Türkmenistanda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bellenilýär we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. 15-nji dekabrda Älem medeni-dynç alyş merkeziniň meýdançasynda oturdylan Türkmenistanyň Baş arçasynyň yşyklary ýakylar.Täze ýylyň öňüsyrasyndaky bu däp bolan çäre ýurtda baýramçylyk möwsüminiň başlanýandygyny alamatlandyrýar.

Dabaradan soň, Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndaky beýleki şäherlerde hem bezelen Täze ýyl arçalarynyň hem çyralary ýakylar.Döwlet ähmiýetli şäher diýen hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäherinde hem ilkinji gezek Baş Täze ýyl arçasynyň yşyklary ýakylar.

2. Şu gün Türkmenistanda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bellenilýär.Prezident Serdar Berdimuhamedow bu hünär baýramçylygy mynasybetli pudagyň işgärlerine Gutlag hatyny iberdi.Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda giňden bellenilýän Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siziň ýadawsyz zähmetiňiziň netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagy soňky ýyllarda uly üstünliklere eýe boldy.Pudakda alnyp barylýan öndürijilikli işler esasynda döwletimiz ýangyç çig malynyň gorlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşuldy.

Türkmenistan bu ugurda halkara derejedäki ençeme taslamalara badalga bermek bilen, özüniň uglewodorod serişdeleriniň, ilkinji nobatda, türkmen halkyna, geljek nesillerimize hem-de goňşy döwletleriň halklarynyň bähbitlerine hyzmat etmegini gazanmak babatda öňde uly wezipeleri goýýar diýlip, döwlet Baştutanynyň Gutlagynda bellenilýär.

3. Änew — türki dünýäniň medeni paýtagty — 2024 ýylynyň çäginde Türkmenistanda türki döwletleriň medeniýet we sungat ussatlarynyň, alymlarynyň, žurnalistleriniň we syýahatçylyk pudagynyň işgärleriniň gatnaşmagynda birnäçe forumlary, festiwallary we konferensiýalary geçirmek meýilleşdirilýär. Bu uly çäreleriň maksady medeniýet we sungat pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmekden, şeýle hem gadymy Änew şäheriniň baý taryhyny we medeni mirasyny wagyz etmekden ybaratdyr.

4.Moskwada RUDN Math Olimp Halkara matematika olimpiadasy tamamlandy.Oňa 11 ýurtdan 30 ýokary okuw mekdebiniň 1 4-nji ýyl talyplary gatnaşdylar. Ýekelikdäki bäsleşiklerde türkmen talyplary 6 altyn, 10 kümüş we 4 bürünç medal gazandylar.

Toparlaýyn ýaryşda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, şeýle hem Türkmen Döwlet energetika institutynyň toparlary üçünji orny eýelediler we bürünç medallara mynasyp boldular.

5. Aşgabatda bir gije-gündiziň dowamynda 1500 awtoulaga hyzmat etmäge niýetlenen ýangyç guýujy beket açyldy. Täze ýangyç guýujy beketde köpugurly hyzmatlar toplumynyň mümkinçiliklerine eýedir we häzirki zaman ýangyç paýlaýjy, kompýuter we tehnologik enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr dýlip, çeşmede bellenilýär.

6. Londonda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli çäre, şeýle hem nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan edebi agşam geçirildi. Çärä Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Beýik Britaniýadaky bölüminiň wekilleri, ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar we Londonda ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary gatnaşdylar.

Dünýäde

7.Neapolda Gorkularyň pissa dükany festiwaly geçirildi, bu ýerde adaty bolmadyk tagamly pissalar görkezildi.Festiwalda Gonkongdan süýrenijileriň eti, Günorta-Gündogar Aziýadan mör-möjekler we tomzaklar, Awstraliýadan kenguru we düýeguş eti bilen taýýarlanan, ABŞ-dan ananasly hem-de peýnir bilen makaronly, Portugaliýadan gaýnadylan ýumurtga bilen balykly pissalary dadyp görmek mümkindir. Şwesiýanyň bal bilen hindi towugynyň (indýuk) eti, kelemli işdäaçar, frikadelkalar we hatda konserwirlenen miweli şokolad goşulyp taýýarlanýan pizzalary festiwal myhmanlaryny has geň galdyrdy we olarda garyşyk duýgulary döretdi.

8.Samsung kompaniýasynyň 2024-nji ýyldaky flagman smartfony Galaxy S24 bäş kamera bilen üpjün ediler: dört sany esasy we bir frontal kamera.Esasy modulda 200 megapiksel durulykda we giň burçly obýektiw bolar.

Onuň üsti iki sany teleobýektiw bilen: üç esse optiki ýakynlaşdyrmak üçin 50 megapiksellik we bäş esse ulaltmak üçin 10 megapiksellik teleobýektiw bilen ýetiriler.Dördünji modul 12 megapiksel durulykdaky ultra giň burçly modul bolar. Öňdäki kameranyň sensorynyň durulygy 12 megapiksel bolar.

Sport habarlary

9.Türkmenistanyň 3x3 basketbol boýunça erkekler we zenanlar ýygyndylary Stambulda tamamlanan halkara ýaryşda iki sany birinji we iki sany ikinji orunlary eýelediler.Bäsleşik iki saýlama tapgyrdan we jemleýji tapgyrdan ybarat boldy.

Aýgytly tapgyrda erkekleriň arasynda 24 topar, zenanlaryň arasynda bolsa 8 topar bäsleşdi.Häzirki wagtda FIBA-nyň 3x3 basketbol boýunça umumy sanawynda Türkmenistan 150 ýurduň arasynda 33-nji orunda durýar.

10.Türkmenistanly türgen Anamjan Rustamowa Doha şäherinde geçirilen agyr atletika boýunça Gran-pri ýaryşynda kümüş medala mynasyp boldy.Bu ýaryş 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyry bolup durýar.

Ol bu üstünligi 87 kilograma çenli agram derejesinde gazandy.Rustamowa iki tapgyryň jemi boýunça 231 kilogram netije görkezdi.Ozal Türkmenistanyň wekilleri bu ýaryşda üç medal gazanypdylar. Şahzadbek Mätýakubow altyn medalyň eýesi boldy, Bunýod Raşidow we Gaýgysyz Töräýew bürünç medallara mynasyp boldular.

11.AFK kubogynyň çäklerindäki Rawşan we Altyn asyr toparlarynyň arasyndaky duşuşygy Täjigistanyň Futbol sport teleýaýlymy göni ýaýlymda görkezer.Duşuşyk 14-nji dekabrda Aşgabat wagty bilen sagat 18:50-de başlar. Ýeri gelende bellesek, duşuşyk ozal meýilleşdirilişi ýaly Gissaryň Merkezi stadionynda däl-de, Duşanbe şäherinde geçiriler.

Oýnuň geçiriljek ýeriniň üýtgemegi Rawşan toparynyň stadionynyň emeli ot örtüginiň gibrid meýdança örtügine çalyşmak üçin taýýarlanylýandygy bilen baglanyşyklydyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni giňden bellenildi, Maryda türkmen-eýran sergisi açyldy, Ýylyň parlak ýyldyzy 2023 atly aýdymçylaryň arasyndaky bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylar kesgitlendi we beýleki habarlar
Türkmenistanda Kuraş boýunça dünýä çempionaty badalga aldy, Türkmenistanyň wekiliýeti Duşanbe şäherine ugrady, Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda Kanun çap edildi we beýleki habarlar
4-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Aşgabatda geçirilen Rustamowyň okaýyşlarynda Magtymguly Pyragy adyndaky ilkinji Milli tebigy seýilgähi döretmegiň mümkinçiliklerine garaldy
Aşgabatda näme üçin totyguşlar peýda boldy?! Ornitolog bu sowala jogap berdi
Türkmenistanyň ýygyndysynyň agyr atletika boýunça Aziýa çempionatyna gatnaşjak düzümi belli boldy