Türkmenistanda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni giňden bellenildi, Maryda türkmen-eýran sergisi açyldy, Ýylyň parlak ýyldyzy 2023 atly aýdymçylaryň arasyndaky bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylar kesgitlendi we beýleki habarlar

Türkmenistanda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni giňden bellenildi, Maryda türkmen-eýran sergisi açyldy, Ýylyň parlak ýyldyzy  2023 atly aýdymçylaryň arasyndaky bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylar kesgitlendi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1.Aşgabatda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli dabara geçirildi. Çäräniň dowamynda çykyş edenler häzirki döwürde türkmen energiýa serişdelerine bildirilýän islegiň barha artýandygyny bellediler. Şoňa görä-de, dünýä belli kompaniýalar we maliýe institutlary bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýarlar.

Zähmetde aýratyn tapawutlanan nebitçilere, gazçylara, geologlara we ýangyç-energetika toplumynyň beýleki işgärlerine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

2.Mary welaýatynda Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň amaly-haşam we mozaika sungatynyň bilelikdäki sergisi öz işini dowam edýär.Bilelikdäki serginiň açylyş dabarasy 14-nji dekabrda Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirildi.

Sergä gelenler bu ýerde görkezilýän eserler bilen içgin tanyşdylar. Çäräniň çäklerinde Eýranyň belli ussatlarynyň mozaika sungaty boýunça ussatlyk sapagy guraldy.Olar mozaika eserlerini taýýarlamagyň esaslary bilen sergä gatnaşyjylary tanyşdyryp, onuň eýran medeniýetinde eýeleýän orny barada gürrüň berdiler.

3. Şu gün aýdymçylaryň arasynda geçirilýän Ýylyň parlak ýyldyzy 2023 bäsleşiginiň jemleýji tapgyry bolar, bu bäsleşik tamamlanyp barýan ýylda Türkmenistanyň iň ökde we zehinli ýaş estrada aýdymçylaryny kesgitlär.Jemleýji tapgyra gatnaşyjylary seçip almaklyk tutuş ýurt boýunça birnäçe tapgyrda geçirildi.

Tomaşaçylaryň SMS ses berişliginiň netijelerine we sungat ussatlaryndan ybarat emin agzalarynyň çözgütlerine laýyklykda, 10 aýdymçy bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Ýeňijileriň atlary jemleýji tapgyryň geçirilýän güni, netijeler jemlenensoň belli bolar.

Geçen ýyl Ýylyň parlak ýyldyzy bäsleşiginiň ýeňijisi meşhur aýdymçy Rüstem Hallyýew boldy.

4. Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda A.S. Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry tomaşaçylary üçin iki sany täze spektakl taýýarlady. Leonard Gerşiň pýesasy esasynda goýlan Erkin kebelekler atly sahna eseri 16-njy dekabrda görkeziler, Aleksandr Ostrowskiniň pýesasy esasynda Möjekler we goýunlar atly spektakla bolsa 24-nji dekabrda tomaşa edip bilersiňiz.

5.Penşenbe güni Türkmenistanda ýurduň Saglygy soraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan sanly ulgam arkaly guralýan iki günlük Türkmen-german lukmançylyk forumy öz işine başlady.Duşuşykda dürli keselleriň öňüni almak, olary irki döwürlerde anyklamak we bejermek, gaýragoýulmasyz kömek, onkologiýa, trawmatologiýa, ortopediýa ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurtda milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça maksada gönükdirilen çäreleriň durmuşa geçirilýändigi bellenildi.

Iň täze enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap ylmy-kliniki merkezler, bejeriş-öňüni alyş edaralary gurlup ulanmaga berilýär. Şol merkezlerdäki häzirki zaman enjamlarynyň köpüsi Germaniýada öndürilendir.

Dünýäde

6. Internetde meşhur Kung-fu Panda multfilminiň dördünji bölüminiň treýleri peýda boldy. Multfilm tomaşaçylar köpçüligine dolulygyna 2024-nji ýylyň 8-nji martynda ýetiriler .Filmiň baş gahrymany — indi Parahatçylyk Jülgesiniň ruhy baştutany hasap edilýän Po atly panda. Günlerde bir gün ol hemişelik Aždarhanyň söweşijisi bolup ýaşap bilmejekdigine göz ýetirýär we özüne mirasdüşeriň gözlegine çykýar.

7. Ýaponiýanyň Nagoro atly dag obasynyň 74 ýaşly ýaşaýjysy Sukimi Aýano gurjak taýýarlamak güýmenjesiniň kömegi bilen obany syýahatçylyk merkezine öwrüp, ony boşap galmakdan halas etdi. Ýerli ýaşaýjylaryň hemmesi diýen ýaly has gowy ýaşaýyş gözläp, Nagorony terk etdiler.

Netijede, obada diňe 30 töweregi adam, esasanam pensionerler galdy.Soňky 20 ýylda bu ýerde ýekeje çaga-da dünýä inmedi. Ýaponiýaly zenan öňki obanyň ýaşaýjylaryna meňzeýän meňzeş ölçeglerdäki gurjaklary ýasap başlady.

Gurjaklar köçelerde, dükanlarda we hatda boş mekdep otaglarynda peýda boldy.Häzirki wagtda obada 350 gurjak bar.Täze ýaşaýjylar dartgynly başdangeçirmeleri gözleýän syýahatçylaryň ünsüni özüne çekdi.

Sport habarlary

8. Türkmenistanyň Milli elektron sport federasiýasy her ýylda geçirilýän Federasiýa kubogy ýaryşyna täze üýtgetmeleriň girizilýändigini yglan etdi. Geljek ýyl bu ýaryşda goşmaça üç ugur goşular: PUBG Mobile, eFootball 24 we Tekken 7. Ýaryşa gatnaşmak üçin hasaba alnyş eýýäm federasiýanyň saýtynda açyldy. 2024-nji ýylda geçiriljek Federasiýa kubogynyň baýrak gaznasy 36 müň manat bolar.

9. Türkmenistanyň Altyn asyr toparynyň futbolçylary AFK kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynyň 6-njy aýlawynda Tajigistanyň Rawşan toparyndan üstün çykdylar. E toparçanyň çäklerindäki duşuşyk Duşanbe şäherinde geçirildi we myhmanlaryň peýdasyna 1:0 hasabynda tamamlandy. Ýeňijileriň düzüminden 36 ýaşly goragçy Zafar Babajanow tapawutlanmagy başardy. Aşgabadyň futbol topary 10 utuk toplap, toparda ikinji orny eýeledi.

10.Arkadagyň futbolçylary Türkmenistanyň çempionatynyň 25-nji aýlawynyň duşuşygynda Ahaly 2:1 hasabynda ýeňdi.Duşuşyk Aşgabatdaky Nusaý stadionynda geçirildi.Geçen ýylky çempiony ýeňen Arkadag topary 23 oýunda 69 utuk toplap, ýaryşda ýekeje utuk hem ýitirmedik ýeke-täk topar boldy. Ýeri gelende bellesek, Ýokary ligada iň köp pökgi geçiren oýunçylaryň sanawynda Arkadagyň hüjümçisi Didar Durdyýew öňdeligi saklaýar.

Ol 27 gola adyny ýazdyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Baş arçasynyň yşyklary 15-nji dekabrda ýakylar, Türkmenistanda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bellenilýär we beýleki habarlar
Kitap biziň dostumyz
Gurjak teatry ýaşajyk tomaşaçylara gyzykly täze ýyl ertekisini sowgat etdi
15.12.2018 | Ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda Täze ýyl arçalarynyň yşyklary nur saçdy
Gurjak teatrynyň döredijilik topary öz täze işini halkara gözden geçirilişine hödürlemegi göz öňünde tutýar
Gurjak teatry täze möwsümde Arşyn mal alany“ görkezdi