Adam hukuklary boýunça ýygnakda Türkmenistanly ynsan hukuklaryny goraýjylar hökümete has işjeň basyş etmäge ÝHHG-ny çagyrdylar

Adam hukuklary boýunça ýygnakda Türkmenistanly ynsan hukuklaryny goraýjylar hökümete has işjeň basyş etmäge ÝHHG-ny çagyrdylar

14-15-nji oktiýabrda ÝHHG-niň demokratik gurluşlar we adam hukuklary edarasynyň ýyllyk ýygnagy geçirildi.

Ýygnagyň ilkinji güni dünýä ýurtlarynyň demokratiýa boýunça ösüş meseleleri barada mejlis geçirildi. Onda çykyş eden derňewçi-syýasatçylar we ynsan hukuklaryny goraýjylar demokratik gurluşlaryň kynçylyklary we hökümetiň demokratik jemgyýete basyşlary barada gürrüň berdiler.

Adam hukuklary boýunça “Raýat jemgyýeti” koordinasiýa platformanyň agzasy Ýuriý Jibladze öz çykyşynda halkara gurluşlaryň şol sanda,ÝHHG-niň raýat jemgyýetiniň wekilleri bilen dialogy ösdürmek, demokratik gymmatlyklar we raýat azatlygy babatda“diňe aktiwistleri gysman, olara garşy uruş yglan eden” käbir hökümetler bilen işlerinde mümkinçiliklerini ýeterlik ulanmaýandygyna aladasyny bildirdi.

Maslahatlardan soňra ol ýerdäkilere öz sowallaryny bermäge we ÝHHG tekliplerini aýtmaga mümkinçilik döredildi.

Olaryň arasynda türkmen aktiwistleri, adam hukuklaryny goraýjylary we oppozisiýonerleri: Türkmen Helsinki Fondunyň wekili Annadurdy Hajyýew, aktiwist Çemen Öre, “Türkmenistanyň demokratik saýlaw” oppozisiýa hereketiniň lideri Myrat Gurbanow, “Oguzhan” medeni, hyzmatdaşlyk we bilim jemgyýetiniň başlygy Nurmuhamemt Annaýew hem bardy.

Aktiwistler syýasy tussaglar Ömüruzak Omarkulyýew, Mansur Mingelow, Hursanaý Ismatullaýewa, Pygamberdi Allaberdiýew, Myrat Düşemow we Nurgeldi Halykow barada ýatladylar, türkmen aktiwiatleriniň Türkiýede yzarlanýandygy, Türkmenistanyň çet ýurtlarda galan raýatlaryny yzyna goýbermeýändigi barada gürrüň berdiler.

Türkmenistanyň hökümetine basyş üçin ykdysady gurallar döretmek we ulanmak teklip edildi.

Bular babatda aýdylanlary we sowallary kommentirlän Jibladze gozgalan meseleler bilen ylalaşdy. Onuň pikiriçe, ÝHHG-niň täsir etmek gurallary bar,emma,olar doly derejede peýdalanylmaýar. Mysal üçin 2003-nji ýylda ÝHHG “Türkmenistana garşy Moskwa mehanizmini”ulanypdy.

Ony ýenede bir gezek peýdalanmak mümkin.

Ykdysady täsir mehanizmleri ÝHHG-niň ygtyýarlyklaryndan has ýokary. Emma, olary ikitaraplaýyn gatnaşyklarda has işjeň ulanyp bolar. Ynsan hukuklary boýunça ösüş ykdysady we maliýe ugurlaryna täsir edýän dürli hökümetara ylalaşyklara gol goýmagyň şertleriniň birisi bolmaly.

Türkiýedäki aktiwistlere edilýän basyşlar babatda aýdylanda, ol bu ýurdyň häkimiýetlerine bagly.Ýöne, halkara basyşlaryň hem edil Dürsoltan Taganowanyň meselesinde boluşy ýaly möhüm rol oýnamagy ähtimal.

The post Adam hukuklary boýunça ýygnakda Türkmenistanly ynsan hukuklaryny goraýjylar hökümete has işjeň basyş etmäge ÝHHG-ny çagyrdylar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen türmelerinde dereksiz ýiten hasaplanýan Ömrüzak Umarkulyýewiň şübheli wideosy peýda boldy
THF: Türkmenistanly Baýmyradow Türkiýeden bikanun’ deport edildi
Onlarça türkmen raýaty, şol sanda hökümeti tankytlan Durdylyýew Türkiýeden deportasiýa edildi
Türkmen migrantlary türk deportasiýa merkezinde ýene ýenjildi
Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň tapgyr ikinji aýgytly ýyly
Oppozision blogçy Farhat Durdyýewe Türkiýeden Türkmenistana ugradylmak howpy abanýar