Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň tapgyr ikinji aýgytly ýyly

Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň tapgyr ikinji aýgytly ýyly

18-nji dekabrda dünýäde Migrantlaryň halkara güni bellenip geçilýär. BMG-niň Baş assembleýasy tarapyndan 1990-njy ýylda Ähli migrant işçileriň we olaryň maşgala agzalarynyň hak-hukuklaryny goramak boýunça Halkara konwensiýa baradaky rezolýusiýany kabul etdi.

Türkmenistandaky dowam edýän ýiti ykdysady krizis we esasy azatlyklaryň hasam çäklendirilmegi sebäpli, soňky ýyllarda köp sanly türkmenistanly daşary ýurtlara, esasan hem zähmet migrasiýasyna çykmaly boldy.

Geçen ýylyň ilkinji aýynda Türkiýedäki türkmen raýatlary bu ýurtda galmak üçin zerur resminamalary taýýarlamakda täze kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldular. Ýaşaýyş rugsady üçin talap edilýän kagyzlaryň sanawyna olaryň resmi hasaba duran ýerlerinde ýaşaýandygyny subut edýän resminamalar, kommunal tölegleri töleýändigi hakynda kwitansiýalar goşuldy.

Bu talap, türkmenistanlylaryň ençemesiniň ýaşaýyş rugsadyny almak işini kynlaşdyrdy. Muňa türkmenistanlylaryň köpüsiniň pasportunyň möhletiniň gutarandygy sebäpli resminamalarynyň düzüw bolmazlygy, hasaba alnan jaýynda ýaşamazlygy sebäp boldy.

Koronawirus pandemiýasy türkmen raýatlarynyň Türkiýede kanun esasynda galmagyny kynlaşdyrdy. Olaryň köpüsi watanyna baryp gaýtmak, resminamalaryny sazlamak, pasportlarynyň möhletini uzaltmak mümkinçiliginden mahrum bolup, Türkiýede bikanun ýagdaýda galmaly bolupdy.

Täze düzgünler, ykdysady çökgünlik we Türkiýedäki görlüp-eşidilmedik inflýasiýanyň fonunda iş tapmak problemasy bilen ýüzbe-ýüz bolýan türkmen migrantlarynyň duçar bolýan agyr şertlerini has-da kynlaşdyrdy.

Türkmen migrantlarynyň ençemesi, resmi ýaşaýyş rugsadyny düzetmekde duçar bolan kynçlyklary sebäpli, köpçülikleýin iş orunlaryny ýitirdi. Habarçylarymyz iş berijileriň mümkin jerimelerden howatyr edip, ozaldan zähmet çekip gelen bikanun işgärlerini wezipelerinden boşadyp başlandyklaryny gürrüň berdiler.

Ýer titremesi

Ýylyň ikinji aýynyň başynda, has takygy 6-njy fewralda Türkiýede onlarça müň adamyň ölümine we ýene-de şonça adamyň ýaralanmagyna getiren weýrançylykly ýer yranmasy boldy. Türkiýäniň günorta-gündogaryndaky Kahramanmaraş şäherinde 7,8 ballyk we günorta-gündogaryndaky Hataý şäherinde 7,5 ballyk ýer sarsgynlary 13 milliondan gowrak adama göni täsir etdi.

Tebigy betbagtçylygyň yz ýany Türkiýä azyndan üç gezek ynsanperwer kömegini iberen türkmen häkimiýetleri betbagtçylyga duçar bolanlaryň arasynda türkmenistanlylaryň hem bardygyny boýun alsalar-da, anyk ýa-da golaý sanlary äşgär etmediler.

Ýöne sosial mediada ýer titremesinde ölendigi we dereksiz ýitendigi aýdylýan türkmenistanlylaryň sanawy peýda boldy.Sanawda onlarça adamyň ady görkezilip, olaryň aglabasynyň has köp ejir çeken Kahramanmaraş şäherinde student bolandygy bellenildi.

Türkmen sosial media ulanyjylarynyň arasynda giňden paýlaşylan sanawy anyk kimiň düzendigini anyklamak başartmandy.Emma habarçylarymyz sanawdaky atlaryň käbiriniň ýany bilen habarlaşmak üçin görkezilen belgilere jaň edip, käbir adamlaryň ykbalyny anyklap bilipdiler. Şonda habarçylarymyzyň we garaşsyz neşirleriň maglumatlary esasynda azyndan ýedi türkmen raýatynyň ölendigi mälim bolupdy.

Hökümete degişli bolmadyk jemgyýetçilik guramasy

Ýylyň üçünji aýynda türkmen aktiwistleri Türkiýede hökümete degişli bolmadyk jemgyýetçilik guramasyny hasaba aldyrdylar. “Hak Hukuga Daýanç” (HHD) atly guramanyň özüni tanyşdyryş dabarasy 26-njy martda Stambulda geçirildi.

Täze jemgyýetçilik guramasynyň guramaçylary, Türkiýede we Türkmenistanda türkmen raýatlarynyň hukuklarynyň berjaý edilişine syn etmek, awtoritar türkmen režimi tarapyndan yzarlanan we hukuklary bozulan adamlary goramak maksadyny öz öňünde goýdy.

Deportasiýa merkezlerindäki türkmen migrantlary

Aprel aýynda türk häkimiýetleriniň daşary ýurtlulardan edýän migrasiýa talaplaryny güýçlendirýändigi barada maglumatlar peýda bolup başlady. Munuň bilen bir wagtda, Türkiýäniň deportasiýa merkezlerinde azyndan ýüzlerçe türkmen raýatynyň saklanýandygy barada habar berildi.

7-nji aprelde adam hukuklary boýunça "Türkmen Helsinki Fondy" (THF) Türkiýäniň birnäçe deportasiýa merkezinde saklanýan türkmen raýatlarynyň köpüsiniň ykbalynyň birnäçe aý bäri näbelliligine galýandygyny mälim etdi.

Gurama 10-njy aprelde çap eden maglumatynda Wan şäherinde deportasiýa merkezinde saklanýan türkmen migrantlarynyň ýenjilendigini, muňa türkmenleriň öz watanyna zor bilen deportasiýa edilmegine garşy çykmagynyň sebäp bolandygyny aýtdy.

Bikanun migrantlara garşy göreşiň güýçlendirilmegi

2023-nji ýylyň tomus paslynyň başynda, Türkiýedäki migrantlar üçin, megerem, ýylyň iň bir aýgytly böleginiň başlan pursady bolsa gerek. Sebäbi türk häkimiýetleri iýun aýynda ýurtda bikanun ýaşaýan we işleýän daşary ýurtlulara garşy göreşini güýçlendirip başladylar.

Rejep Taýýyp Erdoganyň 28-nji maýda täzeden prezidentlige saýlanmagynyň we täze içeri işler ministri Ali Ýerlikaýanyň 4-nji iýunda wezipä girişmeginiň yzysüre, türk häkimiýetleri bikanun migrantlara garşy geçirýän reýdleriniň gerimini artdyrdylar.

Polisiýa köpçülikleýin ýerlerde, şol sanda köçelerde, jemgyýetilik transportlarynda, söwda merkezlerinde reýd geçirdi. Reýdler ýurduň edara-kärhanalaryna, zawoddyr fabriklerine hem gurnaldy.

Türk häkimiýetleri bu reýdleriň dowamynda onlarça müň bikanun migrantyň tussag edilip, deport edilendigini mälim etdiler. Ýöne resmiler olaryň haýsy ýurtlaryň raýatlarydygy barada aç-açan maglumat bermediler.

Müňlerçe türkmen raýaty deport edildi

Olaryň arasynda türkmenleriň hem bardygyny Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri, şeýle-de Türkiýedäki türkmen migrantlary we garaşsyz neşirler yzygiderli habar berdiler.

Şeýle-de, Aşgabadyň aeroportundaky çeşmelerimiz türkmen häkimiýetleriniň awgust we sentýabr aýlarynyň dowamynda Türkiýeden deport bolan müňlerçe raýatyny ýurda getirendigini aýtdylar.

Bu ýagdaýlar barada häzire çenli dymyşlygyny saklaýan türkmen häkimiýetleri Türkiýeden gelen raýatlaryň jynsy ýollar bilen geçýän ýokanç kesellere ýolugyp-ýolugmandygy boýunça barlaglary geçirdiler.

Bu habarlaryň arasynda, Türkmenistandaky habarçylarymyz Türkiýeden deport edilip, ýurda dolanan raýatlaryň sanynyň göz-görtele köpelendigini habar berdiler. Bu raýatlaryň köpüsi ýurduň kanun goraýjy edaralarynyň işgärleri tarapyndan yzarlanmalara hem sezewar edildi.

Aktiwistleriň deport edilmegi

Garaşsyz neşirler Türkiýeden deprt edilen türkmenistanlylaryň arasynda türkmen raýat aktiwistleriniň hem bardygyny habar berdiler.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň 4-nji sentýabrda çap eden maglumatynda Türkiýede bolan wagtlary protestlere gatnaşyp, sosial ulgamlarda türkmen hökümetini tankytlap çykyş edendigi aýdylýan iki aktiwistiň Türkmenistana iberilendigi we olaryň biriniň türkmen häkimiýetleri tarapyndan tussag edilendigi aýdyldy.

“Türkmen Helsinki Fondy” 14-nji sentýabrda Maksat Baýmyradowyň “bikanun” ýagdaýda watanyna iberilendigini we onuň ol ýerde basyşlara duçar bolup biljekdigini habar berdi.

Mary welaýatynda doglan, 30 ýaşly zähmet migranty Baýmyradow Internetde türkmen raýatlarynyň Türkiýede we Türkmenistanda ýüzbe-ýüz bolýan ýagdaýlary, olaryň hak-hukuklary barada çykyş edip, öz garaýyşlaryny ençeme gezek beýan edipdi.

17-nji oktýabrda bolsa, onlarça türkmen migranty bilen bir hatarda, aktiwist Serdar Durdylyýewiň Stambuldan Türkmenistana deportasiýa edilendigini, garaşsyz neşir "Türkmenistanyň Hronikasy" habar berdi.

Agzalan raýat aktiwisleriniň ykbaly barada häzrie çenli anyk bir maglumat ýok.

Deportasiýa merkezlerindäki ýaşaýyş şertleri

Bu aralykda, Türkiýede bikanun migrantlara garşy geçirilýän reýdleriň dowamynda saklanyp, türk deportasiýa merkezlerine ýerleşdirilen türkmenistanlylar bu ýerde ýaşaýyş şertleriniň ýaramazdygy barada ençeme gezek habar berdiler.

Türkmenistanlylaryň zähmet migrasiýasy üçin saýlap alýan esasy ýurtlarynyň hatarynda gelýän Türkiýede kanuny esasda ýaşaýan daşary ýurtlularyň sanawynda türkmen raýatlary birinji orunda ýerleşdirilýär.

Türkiýäniň Migrasiýa edarasynyň 7-nji dekabrda täzelenen sanlaryna görä, Türkmenistany Russia we Yrak yzarlaýar. Häzirki wagtda Türkiýede 200 müň 836 türkmen raýaty kanuny esasda ýaşaýar. Edaranyň 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabryndaky sanlaryna görä, 230 müňden gowrak türkmenistanly kanuny esasda Türkiýede ýaşaýardy. Ýöne hukuk goraýjy toparlar we türkmenistanly synçylar Türkiýedäki türkmenleriň hakyky sanynyň bu görkezijiden ençeme esse köpdügini aýdýarlar.

Türk mediasyna türkmenler baradaky habarlar

2023-nji ýylda türk media serişdelerinde Türkiýede dürli wagtlarda, dürli sebäpler esasynda ölen ýa-da jenaýat baş goşan türkmenistanlylar barada habarlaryň çap edilmegi hem dowam etdi.

Olaryň arasynda dört türkmen raýatynyň jesetleriniň doňduryjynyň içinde tapylmagy türk metbugat serişdelerinde we raýatlaryň arasynda seslenme döredipdi.

Gülkamar Hanymowanyň, onuň gyzlary Leýla we Laçyn Geldiýazowanyň, şeýle-de gyzlaryň biriniň halaşýan ýigidi Ruslan Kerimowyň böleklere bölünen jesetleri 18-nji iýunda doňduryjynyň içinde tapyldy. Olary öldürmekde aýyplanan türkmen raýaty Saparmurad Hallyew jesetleri 160 bölege bölendigini boýun alypdy.

Türkmen zähmet migrantlary türk häkimiýetleriniň reýdleri sebäpli heniz hem basyş astynda galýarlar. Bu reýdler köpleri gizlenmäge mejbur edýär we gazançdan hem-de maddy taýdan özlerine garaşly bolan Türkmenistandaky maşgalalaryny eklemek mümkinçiliginden mahrum edýär.

Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanyň hökümeti Türkiýedäki türkmen raýatlarynyň sany baradaky statistikany ilat köpçüligine mälim etmeýär. Şeýle-de, türkmen häkimiýetleri we mediasy olaryň bu ýurtda ýüzbe-ýüz bolýan ýagdaýlary barada mesele gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Onlarça türkmen raýaty, şol sanda hökümeti tankytlan Durdylyýew Türkiýeden deportasiýa edildi
THF: Türkiýäniň üç deportasiýa merkezinde 450 töweregi türkmen raýaty saklanýar
THF: Türkiýäniň deportasiýa merkezinde türkmen raýatlarynyň ençemesi ýenjildi
THF: Türkmenistanly Baýmyradow Türkiýeden bikanun’ deport edildi
Türkiýede türkmen jemgyýetçilik guramasy hasaba alyndy
Daşary çykmak gorkusy we 'meýletin' deportasiýa. Türkiýedäki türkmen migrantlaryna basyş güýçlenýär