Onlarça türkmen raýaty, şol sanda hökümeti tankytlan Durdylyýew Türkiýeden deportasiýa edildi

Onlarça türkmen raýaty, şol sanda hökümeti tankytlan Durdylyýew Türkiýeden deportasiýa edildi

17-nji oktýabrda öýlän sagat 4-de onlarça türkmen migranty, şol sanda aktiwist Serdar Durdylyýew Stambuldan Türkmenistana deportasiýa edildi diýip, "Türkmenistanyň Hronikasy" garaşsyz neşir habar berdi.

Maglumata laýyklykda, mundan öň Tuzla deportasiýa merkezinde saklanýan ýüz töweregi türkmen raýaty üç awtobus bilen Stambuldaky Türkmen konsullygyna alnyp barylypdyr. Ol ýerde olaryň barmak yzlary alnyp, Türkmenistana gaýdyp barmak üçin wagtlaýyn pasportlara gol çekdirilipdir hem-de deportasiýa merkezine iberilipdir.

Neşiriň bellemegine görä, ýüz adamdan 30 töwereginde dokument bolmandyr, galanlaryň pasportlary gutarypdyr we Türkiýede ýaşamaga ýa-da işlemäge rugsat berýän resminamalary bolmandyr.

Deportasiýa edilenleriň arasynda bolan Serdar Durdylyýew wiza düzgünini bozandygy üçin 6-njy sentýabrda Stambulda tussag edilipdi.

“Türkmenistanyň Hronikasy” ozalky maglumatynda Durdylyýewiň 15-nji oktýabrda Tuzla deportasiýa merkezine geçirilendigini habar beripdi. Habarda bu adamyň ýakyn wagtda watanyna deportasiýa edilip bilinjekdigi we onuň aklawçy soraýandygyny ýazypdy.

Maglumata görä, Serdar Durdylyýewiň aklawçylarynyň biri 16-njy oktýabrda agşam onuň ýanyna barmaga synanyşypdyr, ýöne oňa "kazyýet işi entek taýyn däl, belki ertir ýa-da ondan soňky gün öz müşderisini görüp biljekdigi" - aýdylypdyr.

Neşir, tussag edilen wagty ýaşamak üçin ygtyýarnamasy bolan Durdylyýew babatynda kanunyň bozulandygyny belläp, oňa Türkiýede ýaşamaga rugsadyň ýatyrylmagy barada polisiýa tarapyndan aýdylandygy, emma bu habaryň adama şahsy ýa-da aklawçynyň üsti bilen ýetirilmelidigini, aklawçylara salgylanyp habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň Stambuldaky çeşmeleri Durdylyýewiň ýaşamak üçin ygtyýarnamasynyň duýdansyz, oňa düşündiriş berilmezden ýatyrylandygyny habar berdiler. Durdylyýew bilen tanyş çeşmeler onuň Türkiýede galmak üçin rugsatdan mahrum edilmeginiň we soň deportasiýa edilmeginiň sebäbini sosial ulgamlarda eden çykyşlary we türkmen hökümetini tankyt etmegi bilen baglanyşdyrýarlar.

Durdylyýewiň deportasiýa edilmegi, Türkmenistanyň raýatlarynyň aklawçylaryň kömeginden mahrum edilip, Türkmenistana iberilmegi bilen bagly wakalaryň ýene biri boldy.

Sentýabr aýynda başga bir türkmen migranty Maksat Baýmuradow Türkiýeden deportasiýa edildi.

"Türkmen Helsinki Fondunyň" (THF) maglumatyna görä, 31-nji awgustda tussag edilen Baýmuradowyň administratiw suduň karary bilen 11-nji sentýabrda watanyna deportasiýa edilipdir. Bu barada onuň aklawçylaryna 19-njy sentýabrda habar berlipdir.

THF Baýmyradowyň aklawçylarynyň ençeme gezek eden resmi ýüzlenmelerine jogap alyp bilmändigini we 8-nji sentýabrda aklawçylaryň deportasiýa merkezinde Baýmuradowy baryp görendiklerini hem-de onuň wizasynyň bikanun ýatyrylmagyndan şikaýat edip, deportasiýa edilmeginiň öňüni almak üçin ähli resminamalary doldurandygyny belleýär.

Türkiýede tussag edilen Türkmenistanyň ýene bir raýaty Farhat Meýmanguliýewiň ykbaly nämälim galýar. Ol maý aýynda tussag edilenden soň, Stambulyň Tuzla etrabyndaky deportasiýa merkezine iberildi we şondan bäri ykbaly belli däl. Farhat Durdiýew ady bilen çykyş eden YouTube blogçysy, Türkmenistanyň häkimiýetlerine garşy tankydy çykyşlary bilen tanalýar.

Bu aralykda, tomus aýynyň ortalarynda Türkiýede daşary ýurtlulara garşy görlüp-eşidilmedik reýdler başlandy. Soňky aýlarda birnäçe müň türkmen raýaty watanyna deportasiýa edildi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň tapgyr ikinji aýgytly ýyly
THF: Türkiýäniň üç deportasiýa merkezinde 450 töweregi türkmen raýaty saklanýar
THF: Türkiýäniň deportasiýa merkezinde türkmen raýatlarynyň ençemesi ýenjildi
Oppozision blogçy Farhat Durdyýewe Türkiýeden Türkmenistana ugradylmak howpy abanýar 
Türkmen raýatlary türk wizasyny almak üçin geljekde şikaýat emejegine kepil geçmeli
THF: Türkiýäniň üç deportasiýa merkezinde 450 töweregi türkmen raýaty saklanýar