Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (26-njy bölüm)

Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (26-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

Bäşinji syr ÝÖRITE BILIMIŇ GÜÝJI

Gloriýa Braunyň gürrüňleri göräýmäge gaty täsin görünýänem bolsa, bütinleý mamlady.Ol ýedi ýyl mundan ozal işsiz galypdyr.Bölekleýin satuw bilen meşgullanýan kiçeňräk kompaniýanyň edara gullukçysy eken-de, ykdysadyýetiň pese gaçmagy netijesinde köçede peýda bolýança, öz kompýuteriň başynda oturypdyr.

Onuň hiç hili işe durma mümkinçiligi bolmandyr, şeýle-de bolsa ýagdaýdan çykalga tapyp, öz işini ýola goýmagy başarypdyr.Bu oňa birinji ýylda öňki işinden bäş esse artyk girdeji beripdir.

Braunyň daşky keşbinden çen tutsaň 55-60 ýaşdan artyk bermek mümkin däl.Ol örän owadan zenandy, onuň egnindäki şotlandiýaly aýallarynyň nepis kostýumy egnine düşüp duran sary saçlaryna hemem dury gözlerine örän oňat gelşik berýärdi. Ýöne ýaş ýigidiň ilki gözüne kaklyşan zat — onuň ýüzüni ýagtyldyp duran, tüýs ýürekden çykýan mähirli ýylgyryşydy. Ýaş ýigit onuň üstünlik gazanyşynyň syrlaryny bilesi geldi. — Eger Hakyky Baýlyk edinmek isleýän bolsaňyz — diýip, hanym Braun gürrüňe başlady, — siz islendik zadyň haýyrly ýerini görmegi başarmaly. Ýaş ýigit garry hytaýlynyň özüne aýdan zatlaryny ýatlady: Her bir şowsuzlyk özi ýaly ýa-da ullakan rowaçlygy ýany bilen alyp gelýändir. — Dogrudanam bu çynmyka? — diýip, ýaş ýigit öz ýanyndan oýlandy. — Işsiz galanymdan soň, birnäçe aýlap munuň oňyn tarapyny görmedim — diýip, hanym Braun ýylgyryp oturyşyna gürrüňini dowam etdi. — Örän sustupes ýagdaýdadym, sebäbi geljegim örän garaňky görünýärdi. Ýöne birdenkä garry hytaýla duşdym. — Bu şeýle boldy, doňduryjym döwüldi-de, bejerer ýaly ussa çagyrdym.

Orta boýly, bir garry hytaýly geldi.Ol doňduryjymyň kemini gözleýärkä, oňa kofe gaýnadyp berdim, şeýdibem gürrüňimiz alyşdy.Men garra işden çykarylandygym barada aýtdym, ol maňa tarap öwrüldi-de: Eger öňüňdäki bir gapy ýapylan bolsa, beýlekisini açmaly diýdi.

Soňra ol Hakyky Baýlygyň syrlary barada gürrüň berdi.Elbetde, men muňa örän şübhelilik bilen garadym, sebäbi elimde kör-köpügim ýokdy, geljekde näme bilen meşgullanjagymy bilemokdym, bularyň üstüne bolsa doňduryjym döwülipdi. Şeýle-de bolsa onuň aýdanlary bilen gyzygyp ugradym.

Ol bu syrlary düşündirip biljek on sany adamyň adyny berende, olar bilen duşuşyp, bu barada köpräk bilmegi ýüregime düwdim.Meniňki nähili şowuna boldy!Olar maňa durmuşyň iň möhüm zadyny — öz ykbalyma özümiň jogapkärdigimi öwretdiler.

Men durmuşda her näme bolsa-da, ýolumda her nähili kynçylyklar duşsa-da, oňa özümiň jogapkärdigimi hemem geljekde nähili islesem, şonuň ýaly ýaşamaga güýjümiň bardygyny bildim.Hanym Braunyň hyjuw bilen aýdýan sözleri ýaş ýigidi ruhlandyrdy.

Onuň sözlerinde hiç hili şübhe görnenokdy, sebäbi ol aýdýan zatlaryna çyn ýürekden ynanýardy. — Maňa uly täsir eden syrlaryň biri — bu ýörite bilimiň güýji — diýip, hanym Braun aýtdy. — Diýmek, garry dogrusyny aýdypdyr — diýip, ýaş ýigit onuň sözüni kesdi. — Bilim — bu uly güýç. — Ýok — diýip, hanym Braun jogap berdi. — Bilim — bu ýöne adamda bolup biläýjek zat. Ýöne oýlanyşykly meýilnama düzülip, üns anyk bir zada gönükdirilen ýagdaýynda ol güýje öwrülýär. Ýaş ýigit ýandepderçesine bir zatlar belledi, hanym Braun bolsa gürrüňini dowam etdi. — Baýlyk toplamak üçin umumy bilimiň hiç hili bahasy ýok — diýip, ol düşündirdi. — Eger teleýaýlymlarda goýberilýän utuşly ýaryşlara gatnaşaýmasaňyz, siziň ownuk-uşak müňlerçe zady bilýänligiňiziň size azajygam haýry ýok.

Beýleki tarapdan, ýörite bilimiň baýlyk getirjekdigi şübhesiz.Siz haýsy işde işleseňizem, eger şol iş barada ýörite bilimiňiz bolmasa, onda üstünlige ýetmegiň örän kyn boljakdygy düşnüklidir.Eger biri: Meniň täze başlajak işime pul goýmak isleýäňizmi?

diýip sorasa — aýdaly, ol gadymy gymmat bahaly zatlary satmakçy bolýarmyş — siz oňa, ilki bilen, nähili sorag berersiňiz? — Meniň bilesimiň gelýän zady — ol gadymy gymmat bahaly zatlar barada we onuň söwdasy barada nämeler bilýär? — Gaty dogry — diýip, hanym Braun razylaşdy. — Eger siziň dostuňyz alýan we satýan zatlary barada bilmese hemem söwda etjek bazarynyň ýagdaýyna düşünmese, onuň söwdasynyň oňuna bolmajagy belli zat. Ýöne biz munuň ýaly soraglary özümize berýärismi?

Biziň pul hemem adama gerek bolan beýleki zatlary edinesimiz gelýär, ýöne biz pul barada, ony nädip gazanmalydygy barada, onuň näçe göteriminiň salgyda gidýänligi barada haçanda bir wagt pikir edýärismi?

Eger-de siz hakyky baýlyga ýetmek isleýän bolsaňyz, durmuşda gerek boljak zatlaryň ählisini bilmeli bolarsyňyz.Meselem, eger siz salgyt hukuklary barada hiç zat bilmeýän bolsaňyz hemem tötänden tölenmeli salgytdan has köp töleýändigiňizi bilseňiz… Ýöne maňa dogry düşüniň, men salgyt töleginde gaçmagyň gürrüňini edemok, meniň aýtmakçy bolýan zadym, eger-de siziň häzirki hereket edýän salgydyň kanunlary barada düşünjäňiz bolsa, ýagny muny okap öwrenen bolsaňyz, onda siziň salgydy laýyk töleýändigiňize ynamyňyz bolar. Ýaş ýigit ýene-de ýandepderçesiniň üstüne egildi.

Onuň salgyt barada bilýän zady ýokdy.Eger ol bir zatlary anyklamak islese, muny diňe şübhe döremezlik üçin ederdi.Kim bilýär, belki, onuň salgyt barada düşünjesi bolsa, häzirki töleýän pulunyň mukdaryny azaltmagyň kanuny ýollaryny tapmagam mümkin. — Eger siziň bu barada ýörite bilimiňiz bolan bolsa, onda häzirki töleýän puluňyzyň mukdaryny azaltmaň ugruny taparsyňyz — diýip, hanym Braun aýtdy. — Nähili ýol bilen? — diýip, ýaş ýigit gyzyklandy. — Munuň bir ýoly — karz karty bilen hasaplaşyk geçirmek — diýip, hanym Braun düşündirdi. — Adamlaryň aglabasy karz karty bilen hasaplaşyk geçirýär, netijede bolsa gaty kän pul töleýärler, sebäbi bu kartlary goýberýän kompaniýalar örän ýokary göterimleri alýar.

Eger olar bankdan pul alan bolsalar, onda olaryň pul göterimi azaljak, sebäbi banklar, adatça, örän az mukdarda pul göterimini alýar. Şeýlelik-de, munuň üsti bilen her aýky çykdaýjyňy azaldyp boljak.

(dowamy bar).

Ýene degişli makalalar

Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (27-nji bölüm)
“Financial Times”: 2022-nji ýylyň iň täsirli zenanlary
“Ýüzükleriň hökümdarynyň” awtory birinji orny eýeledi
Bütindünýä elektron kitaplar güni
397 ýyldan soňra şu gün gije “duşuşarlar”
Sportuň taryhynda şu gün