Adidas 80 sagatlap awtonom işläp bilýän, Gün batareýaly nauşnik çykardy

Adidas 80 sagatlap awtonom işläp bilýän, Gün batareýaly nauşnik çykardy

Eýýäm birnäçe ýyl bäri Adidas-yň işjeňlik bilen simsiz nauşnikleri çykarýandygyndan siziň habaryňyz barmy? Şol döwür içinde kompaniýa ep-esli öňe gitdi.

Brendiň Adidas RPT-02 SOL atlandyrylan täze modeli özüniň iki sany aýratynlygy bilen magtanyp biler.Birinjiden, täze nauşnigiň üýtgeşik awtonom häsiýeti bar bir gezek berlen zarýady bilen ol 80 sagatlap işläp bilýär.

Top model Sony — WH-1000XM5 bilen deňeşdirseň, bu görkeziji bary-ýogy 40 sagatdan ybaratdyr.Ikinjiden, Adidas Günüň energiýasyndan zarýad alyp bilýär.Bu iş nauşnikleriň korpusyna oturdylan Gün paneli arkaly amala aşýar.

Başga-da, IPX4 ülňüsine laýyk goragynyň bardygyny, gurluşynyň 87%-niň täzeden işlenen plastikdigini we ş.m.bellemek gerek.Täze gulaklyklaryň bahasy 229 dollardyr.

Ýene degişli makalalar

Begres onlaýn dükany Ýewropadan brend egin-eşikleri Gurban baýramy mynasybetli 50%-e çenli arzanladyş bilen getirýär
Adidas kompaniýasy kömeleklerden taýýarlanan krossowkalary çykarar
Ösümlikden taýýarlanan aýakgap
Çempionatyň topy “Uniforia”, talismany “Skillzy”
Futbol topunyň taryhyndan
Adidas zarýad bermesiz simsiz gulaklyklary öndürer