Adidas-yň baş ýerine ýetiriji müdiri 2023-nji ýylda wezipesinden gider

Adidas-yň baş ýerine ýetiriji müdiri 2023-nji ýylda wezipesinden gider

Ululygy boýunça dünýäde ikinji sport harytlaryny öndüriji Adidas AG baş ýerine ýetiriji müdirini üýtgeder diýip, interfax.ru belleýär.

Häzirki CEO Kasper Rorsted 2023-nji ýylda, Adidas onuň işini dowam etdirijini tapanda wezipesinden gider diýip, kompaniýanyň metbugat-relizinde aýdylýar. Täze baş ýerine ýetiriji müdiri gözlemek prosesi eýýäm başlady. Rorsted Adidas-a 2016-njy ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýär.

Adidas-yň paýnamalary duşenbe güni söwdada 3,2% arzanlady. Şu ýylyň başyndan bäri olaryň bahasy 37% peseldi.

Ýene degişli makalalar

‌Býujetçilerden hakyna tutma ýygymçylar üçin 600 manatdan pul ýygnalýar
Braziliýa 3-nji gezek çempion bolan ilkinji ýygyndy (Dünýä Kubogy 1970)
Brandcoll müşderilere ähli gerek harydy bir ýerde hödürleýär
Adidas 80 sagatlap awtonom işläp bilýän, Gün batareýaly nauşnik çykardy
Balkan welaýatynyň býujet işgärleri pagta meýdanyna ugradylýar
Halkara guramalary Türkmenistanyň pagta pudagyndaky mejbury zähmete garşy webinar geçirdi