Ählihalk bak ekmek dabarasynyň barşynda Türkmenistanda 595 müň golaý nahal oturdyldy

Ählihalk bak ekmek dabarasynyň barşynda Türkmenistanda 595 müň golaý nahal oturdyldy

Ählihalk bak ekmek dabarasynyň barşynda tutuş Türkmenistan boýunça saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzüm nahallarynyň 594 müň 892 düýbi oturdyldy. Şeýle hem seýilgähleri, tokaý zolaklaryny arassalamak, abadanlaşdyrmak işleri bilen birlikde, jemi 2 million 376 müň 204 düýp agaja ideg işleri geçirildi. Bu barada TDH ýazýar.

Ozal habar berşimiz ýaly, 16-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurtda ählihalk bag ekmek möwsüminiň nobatdaky tapgyryna badalga berildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň ýanynda bag nahalyny oturdyp, Milli bahar baýramyna gabatlanyp geçirilýän ýazky ählihalk bag ekmek çäresine badalga berdi.

Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow paýtagtyň günortasyndaky gözel künjekleriň birinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi.

Konstitusiýa binasy bilen Maslahat köşgüniň aralygyndaky çäkde seýilgäh zolagy dörediler. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Gahryman Arkadag 7 sany bag nahalyny oturtdylar.

Ýene degişli makalalar

Ählihalk bag ekmek dabarasy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Watanymyzyň gözelligini artdyrmak her bir türkmenistanlynyň watançylyk borjudyr
Milli Liderimiz ählihalk ýowaryna gatnaşdy
Türkmenistanda ählihalk ýowary geçirildi
Milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi hem-de ýaşaýyş jaý toplumyny açdy
Ählihalk bag ekmek dabarasy