Älem giňişligi bilen bagly hasabat: Marsa gitjek astronawtlaryň ählisi zenanlardan ybarat bolmaly

Älem giňişligi bilen bagly hasabat: Marsa gitjek astronawtlaryň ählisi zenanlardan ybarat bolmaly

Scientific Reports atly ylmy žurnalda çap edilen ylmy-derňewe görä, Marsa gitjek ilkinji ekipažyň ählisiniň zenanlardan ybarat bolup biljekdigi aýdylýar. Onuň sebäbi bolsa zenanlaryň has az serişde ulanmagydyr we saglykly ýagdaýda yzyna gaýdyp gelmek mümkinçiliginiň erkeklere garanyňda has ýokary bolmagydyr.

Gepleşigimiziň bu günki sanynda, Scientific Reports atly ylmy žurnalda çap edilen ylmy-derňewe görä, Marsa gitjek ilkinji ekipažyň ählisiniň zenanlardan ybarat bolup biljekdigi aýdylýar. Onuň sebäbi bolsa zenanlaryň has az serişde ulanmagy we saglykly ýagdaýda yzyna gaýdyp gelmek mümkinçiliginiň erkeklere garanyňda has ýokary bolmagydyr atly temanyň üstünde durup geçmek isleýäris.

Marsa gitmek üçin dogry adamlary tapmak aňsat bolman biler

Astronawtlaryň yzlaryna gaýdyp gelmezlikleri üçin ägirt uly töwekgelçilige taýarlykly bolmaklary, ol ýere barmak üçin takmynan 7 aýyň dowamynda ýapyk emeli hemra bekedinde oturmakdan bagtyýar bolmaklary we iň ýokary bilimli hünärmen bolmaklary gerekdir.

Emma soňky derňewlere görä ýene-de bir zat bolmaly: Ol hem başlangyç tapgyrda Marsa gitjek her bir astronawtyň zenan bolmagydyr.

Fransiýadaky Giňişlik fiziologiýa lukmançylyk institutyndan Jonathan P.R. Skottyň ýolbaşçylygyndaky halkara ylmy derňew topary, ekipažyň dolulygyna zenanlardan ybarat bolmagynyň artykmaçlyklaryny gözden geçirdi.

Marsda aýal bolmak näme sebäpli artykmaçlyk?

Geçirilen analizde uzak möhletli emeli hemra wezipelerinde erkekleriň we zenanlaryň ortaça kislorod sarp edişlerine, umumy energiýa sarp edişlerine, kömürturşy gaz we ýylylyk öndürijiligine we suw zerurlyklaryna üns berildi.

Erkek astronawtlaryň beden ululyklarynyň ýeke başyna hem şol ölçeglerden ep-esli ýagdaýda geçip bilýändigine göz ýetirildi.

Şoňa laýyklykda erkeklerde umumy energiýa sarp edilşi 30 göterim, kislorod sarp edilşi 60 göterim, kömürturşy gaz öndürijiligi 60 göterim we suw zerurlygy 17 göterim ýokarydyr.

Zenan awstronawtlar bolsa umuman alanyňda has gowy ölçege eýedirler.

Mysal üçin, ABŞ-daky bir erkegiň we zenanyň ortaça boýunyň göz öňünde tutulyp, geçirilen hasaplamada, zenanlaryň iýmitlenişinde we kislorod sarp edişinde 41 göterime çenli azalma hasaba alyndy.

Mundan başgada Marsda gurulmagy meýilleşdirilen ýaşaýyş zolaklarynyň modullarynyň ekipaž diňe zenanlardan ybarat bolan halatynda, has kiçiräk gurulyp hem biliner.

Şu nukdaýnazardan seredeniňde dolulygyna zenanlardan ybarat toparyň Marsa guraljak ilkinji missiýada has peýdaly bolup biljekdigini görkezendigi aýdylýar.

Beýleki tarapdan Skottyň we toparynyň zenanlardan ybarat ekipaža üns çekýän şol derňewi, şol ugurdaky ilkinji mysal däl.

Şuňa meňzeş derňewler ozal hem geçirilipdi

1950-nji ýyllarda NASA-nyň Ýörite ýaşaýyş ylymlary komitetiniň ýokary derejeli resmileri hem zenan astronawtlaryň artykmaçlyklaryna ünsleri çekip, şol jedelleşigi başladypdy.

Şol döwürde aýal-gyzlaryň bedeniniň has ýeňildigi, az kislorod we has az kaloriýa talap edýändigi, agram we serişdeleri tygşytlaýandygy we erkeklere garanyňda ýürek agyry kesellerine has az gabat gelýändigi beýan edilipdi.

Şeýle hem aýallaryň köpeliş ulgamlarynyň hem radiasiýadan has izolirlenendigine ünsler çekildi. Sebäbi hünärmenlere görä, radioaktiw gurşawda erkekleriň erkeklik tohumlygynyň daşynda bolmagy gowy däl.

Habar Çeşmesi: TRT Haber

Gepleşigimiziň bu günki sanynda, Scientific Reports atly ylmy žurnalda çap edilen ylmy-derňewe görä, Marsa gitjek ilkinji ekipažyň ählisiniň zenanlardan ybarat bolup biljekdigi aýdylýar. Onuň sebäbi bolsa zenanlaryň has az serişde ulanmagy we saglykly ýagdaýda yzyna gaýdyp gelmek mümkinçiliginiň erkeklere garanyňda has ýokary bolmagydyr atly temanyň üstünde durup geçdik.

Ýene degişli makalalar

Alymlar: soňky 40 ýylda aýdymlaryň sözleri ýönekeý we birmeňzeş boldy
2024-nji ýylyň tomsy çakdanaşa yssy bolar diýlip garaşylýar
Eýranda bürünç asyryna degişli dodak boýagy tapyldy
Diabetde deride döreýän ýaralary çalt bitirýän işdäaçar belli edildi
Bilesiň gelýärmi? atly gepleşigiň nobatdaky sany ÝUNESKO bagyşlandy