Älem gözel saýlandy

Salwadorda 72-nji halkara “Älem gözeli” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşikde 23 ýaşly nikaragualy Şeýnnis Palasios ýeňiji boldy. Ýokary bilimi bolan Palasios mediýa pudagynda işleýär. Ýaryşa gatnaşyjylara diňe eşiklerine görä däl, eýsem emin agzalarynyň sowallaryna beren jogaplaryna hem baha berilýär.

Palasios bu bäsleşikde ýeňiji bolan ilkinji nikaragualy boldy. Ikinji orny Tailandyň wekili Anntoniýa Porsild, üçünji ýeri Awstraliýanyň wekili Moraýa Wilson aldy.

Bäsleşige geçen ýyldan başlap durmuşa çykan zenanlar hem gatnaşyp bilýär. Ondan öň diňe ýaş gyzlaryň gatnaşmagyna rugsat edilýärdi.

Ýene degişli makalalar

Älem gözeli bäsleşiginde nikaragualy gyz ýeňiji boldy
Latyn Amerikada ýaşaýan Osmanlynyň nesilleri El-Turkolar üstünlikleri bilen ýurtlaryny buýsandyrýar
“Latyn Amerika Ýurtlary Bilen Edilýän Gatnaşyklara Uly Ähmiýet Berýäris”
“Bitcoin” töleg serişdesi kabul edildi
Türkmenistan: günä geçiş, türmede ýogalmak we uzak möhletden soň boşadylmak
Türkmenistan türmelerdäki tussaglaryň sany boýunça ýene öňe saýlandy