“Bitcoin” töleg serişdesi kabul edildi

Merkezi Afrika Respublikasynda “Bitcoin” kriptopulunyň resmi töleg serişdesi hasaplanmagy üçin kanun taýýarlandy. Mundan ozal kriptopuluň bu görnüşi Salwadorda hem resmi pul birligi kabul edilipdi. Merkezi Afrika Respublikasynyň Milli parlamentine hödürlenen bu baradaky teklip biragyzdan kabul edildi.

Bu kanun teklibi ýurduň maliýe ministrligi hem-de Tellekommunikasiýa ministrligi tarapyndan “Bitcoin”-iň kanuny pul birligi hökmünde ykrar edilmegini hem-de şol bir wagtyň özünde kriptopullara degişli düzgünleri kesgitlemek üçin bilelikde taýýarlandy.

Dünýäde blokçeýn ekoulgamyny we kriptopuly infrastrukturasyny döredýän hem-de ýöredýän “Binance” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Çanpen Çžao “Twitter” akkaundy arkaly Merkezi Afrika Respublikasynyň Afrikada “Bitcoin”-i töleg serişdesi hem-de resmi pul birligi hökmünde kabul eden ilkinji ýurt bolandygyny aýtdy.

Göwher Ataýewa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

Älem gözeli bäsleşiginde nikaragualy gyz ýeňiji boldy
11-nji maýdan başlap Türkmenistanda jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekmegiň jerimesi artdyryldy, ýol hereketiniň düzgünlerini bozýan sürüjilere we pyýadalara jerime tölegleriniň möçberi ýokarlandyryldy, Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy söwda merkezi gaýtadan
“Latyn Amerika Ýurtlary Bilen Edilýän Gatnaşyklara Uly Ähmiýet Berýäris”
Türkmenistan: günä geçiş, türmede ýogalmak we uzak möhletden soň boşadylmak
Türkmenistan türmelerdäki tussaglaryň sany boýunça ýene öňe saýlandy
HPG Salwadory bitkoindan ýüz öwürmäge çagyrdy