ABŞ-da mekdebe guralan hüjümde köp sanda adam ýogaldy

ABŞ-da mekdebe guralan hüjümde köp sanda adam ýogaldy

ABŞ-nyň Tehas ştatynda başlangyç synp mekdebine garşy guralan hüjümde 18 çaga we 3 uly ýaşly bolmak bilen jemi 21 adam ýogaldy

Tehas ştatynyň Senatory Roland Gutýerres, CNN telewideniýe kanalyna wakada 18 çaga we 2 uly ýaşly jemi 20 adamyň ýogalandygyny habar berdi.

Uwalde şäherçesindäki Robb atly mekdebe ýaragly hüjüm guran Salwador Ramosyň bolsa polisiýa işgärleri bilen bolan çaknyşykda täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi.

Şol şäherçede ýaşaýan Ramosyň hüjümi guran mekdebiň golaýyndaky liseýde okuwçy bolandygy beýan edilsede, polisiýa gullugy wakanyň näme sebäpli bolandygy barada maglumat bermedi.

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden ýaragly hüjüm bilen baglanşykly: "Ýarag lobbisine garşy haçan garşy durarys?" diýdi.

Aziýa ýurtlaryna guran saparyndan gaýdyp gelen we Ak Tamda metbugat ýygnagyny geçiren Jo Baýden, aýaly Jill Baýden bilen metbugat işgärlerine wezipä girişen mahaly bular ýaly beýanat bermäge mejbur galmazlyk üçin doga edendigini habar berdi.

Bir hepde ozal Nýu-Ýorkyň Buffalo şäherinde ýaragly hüjümiň guralandygyny aýdan Jo Baýden, ýurtda artan ýaragly hüjümlere ünsleri çekdi.

ABŞ-nyň Mugallymlar federasiýasynyň başlygy Randi Weingarten hüjüme reaksiýa bildirip: "Dünýäde diňe bu ýurtda ene-atalar öz çagalarynyň mekdepde howpsuzlyk astynda boljakdygyna ynanmaýarlar" diýip nygtady.

CNN-iň berýän habaryna görä ýurtda şu ýylyň başyndan bäri soňky hüjümden daşary bilim ojaklarynda guralan 38 aýry ýaragly hüjümde azyndan 10 adam ýogaldy, 51 adam ýaralandy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň içerki meseleleriniň biri bolan ganly ýaragly zorluk, ABŞ-nyň hökümetiniň we polisiýasynyň gözegçiliginden çykýar.Howpsuzlyk hünärmenleri Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna içerki howpsuzlyga howp salýan zadyň halkara terrorçylygy ýa-da daşary ýurt howpy däl-de, eýsem akýagyzlardan bolan ekstremist sagçyl adamlar we toparlar,şeýle hem ýaragyň giňden ulanylmagy we atyşyk ýaly zorlukly hereketleriň ýaýramagydygyny aýdýarlar. 2021-nji ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda bolup geçen köpçülikleýin zorlukda 693 köpçülikleýin atyşyk bolup, 702 adamyň ölmegine we 2800-den gowrak adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-da mekdebe guralan hüjümde köp sanda adam ýogaldy
Serdar Berdimuhamedow Baýdene ABŞ-nyň mekdebindäki pajygaly ýagdaý zerarly gynanç bildirdi
ABŞ-da Bolan Dikuçar Heläkçiliginde 3 Esger Ýogaldy
Mask Tehasda öz şäherini gurmakçy
Gazagystan 2024-nji ýylyň aýagyna çenli nebitiň çykarylyşyny artdyrmakçy
Türkmenistan Gazagystana we Hindistana howa gatnawlaryny dikelder, Aşgabatda täze jaşaýyş jaýy ulanylmaga berildi, Serdar Berdimuhamedow ýurduň zenanlaryny 8-nji mart mynasybetli gutlady we beýleki habarlar