Garward ABŞ-nyň iň baý uniwersiteti boldy

Garward ABŞ-nyň iň baý uniwersiteti boldy

Garward uniwersiteti ABŞ-nyň Kollejleriň we uniwersitetleriň işewürligi barada direktorlar assosiasiýasy (National Association of College and University Business Officers) we Commonfund Institute guramasy tarapyndan düzülen iň baý ýokary okuw mekdepleriniň sanawynda birinji orny eýeledi.

Report neşiriniň Forbes žurnalyna salgylanyp ýazmagyna görä, Garwardyň haýyr-sahawat gatançlarynyň gaznasy 49,5 milliard dollara golaý boldy.

Ikinji orunda 45 mlrd dollarlyk gaznasy bilen Tehas uniwersiteti ýerleşdi. Garwardda Tehasyň uniwersiteti bilen deňeşdirilende, 10 esse az talybyň okaýandygy habarda bellenýär.

Iň baý okuw mekdepleriniň ilkinji bäşligine Ýel (40,7 mlrd dollar), Stenford (36,5 mlrd dollar) we Prinston (34,1 mlrd dollar) uniwersitetleri girdi.

ABŞ-nyň kollejleriniň we uniwersitetleriniň 688-si girýän bu sanaw 1974-nji ýyldan bäri her ýyl düzülýär.

Ýene degişli makalalar

Öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri
Öňdebaryjy okuw mekdepleriniň sanawy düzüldi
Türkiýäniň Merkezi bankynyň başlygy ilkinji gezek zenan boldy
Dünýäniň iň gowy ýokary okuw mekdepleri
Dünýäniň iň gowy okuw mekdepleri
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebi dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň sanawyna girdi