Serdar Berdimuhamedow Baýdene ABŞ-nyň mekdebindäki pajygaly ýagdaý zerarly gynanç bildirdi

Serdar Berdimuhamedow Baýdene ABŞ-nyň mekdebindäki pajygaly ýagdaý zerarly gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýdene Tehas ştatynyň Ýuwald şäherindäki başlangyç mekdepde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna getiren pajygaly waka zerarly gynanç hatyny iberdi. Nygtalyşy ýaly, bu waka sebäpli ençeme çagalaryň pida bolmagy has-da gynançlydyr.

Döwlet Baştutany şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini aýtdy.

24-nji maýda 18 ýaşly Salwador Ramos Tehas ştatyndaky Ýuwald şäherinde başlangyç mekdepde ýaragdan ot açdy. Soňky maglumatlara görä, 21 adam, şol sanda 19 çaga aradan çykdy.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-da mekdebe guralan hüjümde köp sanda adam ýogaldy
ABŞ-da mekdebe guralan hüjümde köp sanda adam ýogaldy
25 ýyl doldy
ABŞ-nyň Tehas ştatynda tokaý ýangynlary sebäpli adatdan daşary ýagdaý yglan edildi
Garward ABŞ-nyň iň baý uniwersiteti boldy
ABŞ-nyň Tehas ştatyndaky buthanalaryň biriniň golaýynda bir zenan töwerege ot açdy