Green Card DV-2026 lotereýasyna gatnaşmaga goýberilmejek ýurtlaryň sanawy mälim edildi

Green Card DV-2026 lotereýasyna gatnaşmaga goýberilmejek ýurtlaryň sanawy mälim edildi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti her ýyl geçirilýän Green Card DV-2026 lotereýa utuşyna raýatlarynyň gatnaşyp bilmejek ýurtlarynyň sanawyny çap etdi. Bu ýyl sanawdan 18 ýurduň çykarylandygy aýan boldy.

Soňky bäş ýylda bu ýurtlaryň 50 müňden gowrak raýaty ABŞ-na göçüp gelendigi sebäpli, raýatlarynyň gatnaşmaga hukugy bolmadyk ýurtlar:

• Bangladeş • Braziliýa • Kanada • Hytaý (Gonkongy goşmak bilen) • Kolumbiýa • Dominikan Respublikasy • Salwador • Gaiti • Gonduras • Hindistan • Ýamaýka • Meksika • Nigeriýa • Pakistan • Filippinler • Koreýa Respublikasy • Wenesuela • Wýetnam

Hytaýyň bu sanawdan çykarylandygyna garamazdan, Makaoda we Taýwanda doglan adamlaryň lotereýa utuşyna gatnaşmaga hukugynyň galandygyny bellemek möhümdir.

Mundan başga-da, ABŞ-nyň Döwlet departamenti Green Card lotereýasynyň aşakdaky hasaba alyş senelerini yglan etdi:

• DV-2026 lotereýasyna gatnaşmak üçin hasaba alynmak 2024-nji ýylyň 2-nji oktýabryndan 2024-nji ýylyň 5-nji noýabry aralygynda geçirilýär. • DV-2026 lotereýanyň netijeleri 2025-nji ýylyň 3-nji maýyndan başlap elýeterli bolar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli futbol ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2025-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
Paragwaýyň täze Prezidenti wezipesine girişdi
Türkiyäniň deňiz balykgulak eksporty artdy
Futbol boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyryndan öň Hytaýda OTÝ geçer
Tomusky dynç alyş möwsüminde Türkmenistanyň ähli künjeklerinde 20 müňden gowrak çaga dynç aldy, Türkmenistanyň Prezidenti daýhanlary ýokary hilli bugdaý tohumy bilen üpjün etmegi tabşyrdy we beýleki habarlar
Türkmen mekdep okuwçylaryna ýurduň Prezidentiniň adyndan noutbuklar sowgat berler, Azerbaýjanyň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipä bellendi we beýleki habarlar