Älemde surata düşürilen film geljek ýyl prokata çykar

Älemde surata düşürilen film geljek ýyl prokata çykar

Russiýaly kinoçylaryň kosmosda surata düşüren Garşylyk atly ilkinji çeper filminiň kinoteatrlara çykjak döwri belli boldy, bu barada ýurduň Birinji ýaýlymynyň baş direktory Konstantin Ernst beýanat berdi diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Baş keşpde rus aktrisasy Ýuliýa Peresildiň surata düşen täze filmi 2023-nji ýylyň 12-nji aprelinde — Kosmonawtlar güni ekranlara goýberiler.

Režissýor Klim Şipenko tarapyndan surata alnan kosmos dramasyna ilki 905 million we soňra Baýkonur kosmodromyndaky görnüşleri surata almak üçin 250 million rubl sarp edildi.

2021-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda taryhda ilkinji kosmosdaky çeper filmi surata düşürmek üçin Soýuz MS-19 gämisinde aktrisa Ýuliýa Peresild we režissýor Klim Şipenko kosmonawt Anton Şkaplerowyň ýolbaşçylygynda Halkara kosmos stansiýasyna uçdular.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Älem Giňişliginde Kino-Film Surata Düşürer
Russiýanyň okuw jaýlarynda türkmen talyplary üçin ýerleriň sany öňküligine galdyryldy
Dalaý-lama geljek barada çaklamalaryny paýlaşdy
Hytaýly türgenler garyşykda 10 metrden pnewmatik sapança we pnewmatik tüpeň bilen atmakda altyn medal gazandylar
Russiýalylar ýylyň iň gowy aýdymçylaryny agzadylar
Türkmenistanyň we Russiýanyň salgyt gulluklary hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnama gol çekdiler