Russiýanyň okuw jaýlarynda türkmen talyplary üçin ýerleriň sany öňküligine galdyryldy

Russiýanyň okuw jaýlarynda türkmen talyplary üçin ýerleriň sany öňküligine galdyryldy

Russiýanyň hökümeti Türkmenistanyň raýatlary üçin geljek okuw ýylynda orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän ýerleriň sanyny kesgitledi. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň birinji sekretary Ýuliýa Zaýtsewanyň sözlerine salgylanyp, TASS habar berdi.

Habar berilmegine görä, bu ýyl türkmen talyplary üçin 250 ýer göz öňünde tutuldy we bu geçen okuw ýylyndaky görkeziji bilen deňdir.

Türkmenistana Russiýa Federasiýasynyň ýokary bilim edaralarynda orta hünär biliminiň, ýokary bilimiň we goşmaça hünär biliminiň meýilnamalarynda 250 orun möçberinde ýer bölünip berildi diýip, Zaýtsewa belledi. Şeýle hem ol ýerler kesgitlenilende lukmançylyk we döredijilik ugurlaryna aýratyn üns berilýändigini, şu ýyl ilkinji gezek Russiýa Federasiýasynyň Ulag ministrliginiň üsti bilen täze hünärleriň goşulandygyny aýtdy.

Kesgitlenilen möçberdäki türkmen talyplarynyň bilim almagy Russiýa Federasiýasynyň býujetiniň hasabyna maliýeleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Russiýaly mugallymlary türkmen kärdeşleri üçin kämilleşdiriş sapaklaryny geçerler
Russiýaly mugallymlar türkmen kärdeşleri üçin kämilleşdiriş sapaklaryny geçerler
Russiýa Türkmenistanyň bilim edaralaryna 1 müňden gowrak kitap iberdi
Türkmen bedewiniň şanyna toý tutulýar
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň täze ýolbaşçysy saýlanyldy, Duşenbe şäherinde geçirilen halkara festiwalda Lebap welaýatyndan çagalar hory birinji orny eýeledwe beýleki habarlar
Aşgabatda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň Sammiti geçiriler, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy çagalaryň Awazada dynç alşyny üpjün eder we beýleki habarlar
Çagyryş filmi rus kinoprokatynyň ilkinji onlugyna girdi