Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň täze ýolbaşçysy saýlanyldy, Duşenbe şäherinde geçirilen halkara festiwalda Lebap welaýatyndan çagalar hory birinji orny eýeledwe beýleki habarlar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň täze ýolbaşçysy saýlanyldy, Duşenbe şäherinde geçirilen halkara festiwalda Lebap welaýatyndan çagalar hory birinji orny eýeledwe beýleki habarlar

Türkmenistan

1. Nökerguly Atagulyýew Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň täze ýolbaşçysy hökmünde saýlanyldy. Şeýle çözgüt 12-nji iýulda geçirilen Birleşmäniň agzalarynyň nobatdan daşary umumy ýygnagynda kabul edildi. Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde birleşmäniň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri girizildi.

2. Çärjew etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň Ilgar Atahanowyň ýolbaşçylygyndaky topary Duşenbe şäherinde geçirilen Ýaş zehinler atly III Halkara çagalar we ýetginjekler çeper döredijilik festiwalyna gatnaşdy. Türkmen gatnaşyjylary Kebelek aýdymyny şowhunly ýerine ýetirip, festiwalyň birinji ornuna mynasyp boldular.

3. Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmed Al Hameli bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň gerimi, şeýle hem türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny mundan beýläk hem giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

4.Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi her ýyl çeper elli zenanlaryň arasynda keçe taýýarlamak boýunça bäsleşik geçirýär.Bäsleşigiň saýlama etrap we şäher tapgyrlary eýýäm başlandy.

Bäsleşigiň maksady gölleriň täze görnüşlerini we owadan keçeleri taýýarlamagyň özboluşly usullaryny ýüze çykarmakdan ybaratdyr.Bäsleşik adatça üç tapgyry öz içine alýar: çeper elli zenanlar keçe taýýarlamakda peýdalanýan gurallary we usullary barada gürrüň berýärler, türkmen keçesiniň gözelligine bagyşlanan görkezme çykyşyny hem-de döredijilik eserini ýerine ýetirýärler.

5. Türkmenistanly işewürler 10-12-nji awgustda Nýu-Delide geçiriljek 9-njy India International Expo atly halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar. Halkara forumyň maksatnamasy hindi we daşary ýurtly işewürleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri boýunça işewürlik çärelerini öz içine alýar. Gyzyklanma bildirýän taraplar Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasyna ýüz tutup bilerler.

Dünýäde

6. Çagyryş filmindäki gahryman Ýuliýa Peresildiň halas ediş skafandry satuwa çykaryldy.Skafandryň bahasy görkezilmeýär, ýöne ony satyn almak isleýänler Glawkosmos saýtynda degişli haýyşnamany tabşyryp bilerler.Film surata düşürilende kosmosda ulanylan agramy 10,5 kg bolan skafandr örän gowy ýagdaýda saklanypdyr.

Ol muzeý eksponaty hökmünde, şeýle hem kosmos temaly beýleki filmler surata düşürilende peýdalanylyp bilner.Klim Şipenkonyň Çagyryş atly filmi kosmosda, Halkara kosmos stansiýasynyň içinde surata düşürilen ilkinji çeper filmdir.

7. ABŞ-nyň Jon Hopkins uniwersitetiniň alymlary tarapyndan geçirilen birnäçe barlaglar adamlaryň sessizligi eşidip bilýändiklerini görkezdi. Gözlegleriň netijeleri alymlara beýniniň sessizligi sesler ýaly gaýtadan işleýändigini öňe sürmäge mümkinçilik berýär. Barlagy geçirenleriň pikirine görä, şol sebäpli hem adamlar söhbetdeşlikdäki arakesmede ýa-da ýyldyrymlaryň arasyndaky sessizlikde oňaýsyzlyk duýýarlar.

Sport habarlary

8. Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň sürüjisi Maksatmyrat Daňatarow, T2 kysymly ýolsuz ýerlerde ýöreýän ulaglar sanawynyň liderlerini Podmoskowýe toparyndan Melnikowy we Rus toparyndan Petrowy yzarlamagyny dowam etdirýär. Ýüpek ýoly rallisiniň ýedinji tapgyrynyň netijelerine görä, Daňatarowyň gözegçiligindäki Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň ekipažy umumy sanawda üçünji orunda barýar. Ýewraziýanyň iň uly awtomobil ýaryşynyň tamamlanmagyna bary-ýogy iki tapgyr galdy.

9.Russiýanyň media futbol topary Brouk Boýs Moskwanyň Selebriti kubogy 2023 çempionatynyň aşaky derejesiniň futbold finalynda Bas futbol toparyndan üstün çykdy.Duşuşyk Moskwadaky Sapsan Arenada geçirildi.Duşuşygyň esasy wagty deňme-deň tamamlandy (3:3), Brouk Boys toparynyň oýunçylary penalti urgulary tapgyrynda has ýokary takyklyk görkezdiler 5:4.

Bas futbol toparynyň türkmen goragçysy Oraz Ataýew oýnuň ilkinji minutlaryndan meýdança çykdy we duşuşygyň 90 minudynda meýdançada boldy.Duşuşyk brouklaryň peýdasyna 1:3 hasabynda dowam edýärkä, Ataýew 70-nji minutda standartdan pökgi geçirip, awtobusyň hasapda yza galmagyny iň pes derejä çenli azaltdy.

Oraz oýundan soňky penalti urgularynda hem takyklyk görkezip, pökgini ýokarky sag burçuň aşagyna iberdi.

10. Türkmenistanly talyplar 19 31-nji awgust aralygynda Ýekaterinburgda geçiriljek Halkara uniwersitet sport festiwalyna gatnaşarlar. Uralyň paýtagtyna BRIKS, ŞHG we GDA ýurtlaryndan 4000 töweregi türgeniň hem-de toparlaryň wekilleriniň gelmegine garaşylýar. Festiwala gatnaşjak boljak bilim edaralarynyň deslapky sanawyna 94 ýurtdan 246 ýokary okuw mekdebi girýär. Türgenler 14 ugur boýunça bäsleşerler.

Ýene degişli makalalar

25-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda russiýaly sirk artistleriniň gezelenç çykyşlary başlandy, Leýli Ökdirowa Astrahanda geçiriljek Hazar möwsümleri festiwalynda çykyş eder we beýleki habarlar
Russiýanyň Ukraina garşy guraýan hüjümleri dowam edýär
Bangladeşde bolan gämi heläkçiliginde 7 adam ýogaldy
DOKMAÇYLARY DÜNÝÄ ÇYKARAN ÝOLLAR
Kolumbiýanyň Prezidenti heläkçilige uçran uçardan çagalary halas etmek boýunça çärä gatnaşanlary sylaglady