Aşgabatda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň Sammiti geçiriler, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy çagalaryň Awazada dynç alşyny üpjün eder we beýleki habarlar

Aşgabatda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň Sammiti geçiriler, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy çagalaryň Awazada dynç alşyny üpjün eder we beýleki habarlar

Türkmenistan

1. Aşgabatda awgusta aýynyň başynda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň Sammiti geçiriler. Sammite taýýarlyk görmek we geçirmek bilen bagly meseleler çarşenbe güni oňa gatnaşyjy döwletleriň DIM-niň ýolbaşçylarynyň: Raşid Meredowyň, Sirojiddin Muhriddiniň we Bahtiýor Saidowyň arasynda geçirilen geňeşmelerde ara alnyp maslahatlaşyldy. Ministrler boljak duşuşygyň meýilnamasynyň taslamasyny, gün tertibini hem-de Sammitiň jemleýji resminamasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

2.Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasy çylşyrymly operasiýalary geçiren çagalaryň saglyklaryny dikeltmekleri üçin pul serişdelerini bölüp berer.Olar Awaza milli syýahatçylyk zolagyndaky Daýanç sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alarlar. Ýatlatsak, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy 2021-nji ýylda döredildi.

Bu guramanyň hereket edýän döwründe onuň hasabyna dogabitdi keselleri bolan 140 çaganyň çylşyrymly operasiýalary geçirildi.

3. 2023-nji ýylyň güýzünde Türkmenistanda iki sany abraýly rus teatrynyň Ýewgeniý Wahtangow adyndaky Russiýanyň Döwlet akademiki kiçi teatrynyň we Aleksandr Gonçarow adyndaky Rus akademiki ýaşlar teatrynyň gastrol çykyşlary geçiriler.

Muny Aşgabatdaky Russiýa öýüniň başlygy Ýuliýa Zaýsewa GDA-nyň işleri boýunça federal agentliginiň resmi ýaýlymyna beren interwýusynda mälim etdi.Zaýsewanyň bellemegine, teatrlaryň gastrol çykyşlary Türkmenistanyň medeni durmuşynda ajaýyp waka öwrüler hem-de iki ýurduň arasyndaky dostlukly we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny tassyklar.

4.Awgust aýyndan başlap Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde çagalary birinji synpa kabul etmek üçin resminamalaryň kabul edişligi başlanar.Munuň şu resminamalar gerek: dogluş hakyndaky şahadatnamanyň göçürmsi, saglyk öýünden lukmançylyk kartasy, çagalar bagyndan häsiýetnama. Şeýle hem mekdebe kabul edilmek üçin bellenen nusgada maglumatnamany doldurmaly we resminamalar tabşyrylanda ata-eneleriň pasportlarynyň asyl nusgalary bolmalydyr.

Mekdeplere 2017-nji ýylda doglan çagalar kabul edilýär.

Dünýäde

5. Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy we Daşary işler boýunça komissiýasynyň kanselýariýasynyň öňki başlygy Wan I Hytaýyň daşary işler ministri wezipesine bellenildi. Ol bu wezipede Sin Ganyň ornuna geçdi. Wan Iniň täze wezipä bellenilýängi Halk wekilleriniň Bütinhytaý ýygnagynyň hemişelik homitetiniň mejlisinde tassyklandy.

Sport habarlary

6. 28-nji iýuldan 8-nji awgust aralygynda Çendu şäherinde Çendu-2021 Bütindünýä tomus uniwersiadasy geçiriler.Oňa Türkmenistanyň talyplar ýygyndysy gatnaşyp, sportuň dört görnüşinde: ýeňil atletika, uşu, suwda ýüzmek we dzýudo görnüşlerinde ýurdumyza wekilçilik eder. Çendu şäherinde Uniwersiadany ilkibaşda 2021-nji ýylda geçirmek meýilleşdirilipdi, ýöne COVID-19 pandemiýasy sebäpli iki gezek yza süýşürildi.

Muňa garamazdan, ol ilkibaşdaky adyny saklap galdy.

7. Meşhur Singapur MMA promouşen kompaniýasy ONE Championship Merkezi Aziýada saýlama çempionaty geçirmegi meýilleşdirýär we oňa Türkmenistandan söweşijiler hem gatnaşyp bilerler. Taslama Road to ONE diýlip atlandyrylýar. Taslamanyň çäklerinde ONE Championship ýaryşynda çykyş etmek hukugy ugrunda göreşjek Özbegistandan, Täjigistandan, Gyrgyzystandan we Türkmenistandan iň gowy söweşijiler seçilip alnar.

8.Olimpiada-2024-iň guramaçylyk toparynyň Sen-Denidäki ştab-kwartirasynda Olimpiýa we Paralimpiýa alawlarynyň nähili görnüjekdigi görkezildi.Alaw estafetasy geljek ýylyň 8-nji maýynda Marselde badalga alar.

Alawyň dizaýnynda üç garaýyş öz beýanyny tapýar: deňlik, Pariž we parahatçylyk.Olar gaýtadan işlenen polatdan ýasalandyr we agramy 1,5 kg deňdir.Tomusky Olimpiýa oýunlary 2024-nji ýylyň 26-njy iýulyndan 11-nji awgusty aralygynda Parižde geçiriler.

Paralimpiýa oýunlary şol ýylyň 28-nji awgustyndan 8-nji sentýabryna çenli dowam eder.Oýunlaryň şygary Geliň, Oýunlary giňden açalyň.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrlerini kabul etdi
Köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk giňeldilýär
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary owgan meselesine bagyşlanan duşuşyga gatnaşdy
Aşgabatda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň Sammiti geçiriler
Owganystana Goňşy Ýurtlaryň Daşary Işler Ministrleri Özbegistanda Jemlenişdi
Hytaýyň wekiliýeti Türkmenistanyň partiýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy