Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrlerini kabul etdi

Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrlerini kabul etdi

Çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” 16-njy Hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministri Murat Nurtleuwy, Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýewi, Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini, Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowy kabul etdi.

Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Murat Nurtleuw bilen duşuşyk:

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Murat Nurtleuw dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň berk binýadyna daýanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giň ugurlardaky meselelerini maslahatlaşdylar. Ulag-logistika we energetika ulgamlary hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew bilen duşuşyk:

Türkmenistanyň döwlet Baştutany we Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň okgunly häsiýete eýe bolandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň we ulag-üstaşyr pudagynyň hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary bolup durýandygy bellendi.

Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin bilen duşuşyk:

Serdar Berdimuhamedow we Sirojiddin Muhriddin deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meselelerini maslahatlaşdylar. Döwletara dialogyň türkmen we täjik halklarynyň gadymdan gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine daýanýandygy bellendi.

Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow bilen duşuşyk:

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpugurly türkmen-özbek gatnaşyklarynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ornuny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň oňyn depgini, ýangyç-energetika, ulag-logistika, oba hojalygy we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýeti bellendi.

Şol gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri Pak Çžini hem kabul etdi. Duşuşygyň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy, koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanyň nebitgaz we ulag pudaklarynda netijeli iş alyp barýandygy nygtaldy. Şeýle hem taraplar netijeli işewürlik hyzmatdaşlygyny dowam etdirmäge özara gyzyklanmalary tassykladylar.

1-2-nji noýabrda geçirilýän “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” 16-njy Hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde dürli ugurlarda, hususan-da, energetika, sanly tehnologiýalar, ykdysady howpszulyk, syýahatçylyk we saglygy goraýyş ugurlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýollary maslahatlaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk giňeldilýär
Aşgabatda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň Sammiti geçiriler, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy çagalaryň Awazada dynç alşyny üpjün eder we beýleki habarlar
Aşgabatda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň Sammiti geçiriler
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary owgan meselesine bagyşlanan duşuşyga gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Täjigistana barar
Türkmenistan iň arzan benzinli ýurtlaryň sanawynda 7-nji orny eýeledi, Tölegde AŞTU-nyň hyzmatlaryny tölemek mümkinçiligi döredildi, Nazir Habibowyň täze albomy we beýleki habarlar