Aşgabatda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň Sammiti geçiriler

Aşgabatda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň Sammiti geçiriler

Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Döwlet Baştutanlarynyň Sammiti şu ýylyň awgust aýynyň başynda Aşgabat şäherinde geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi metbugat gullugy çarşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, Täjigistanyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin we Özbegistanyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidow çarşenbe güni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen geňeşmelerde Aşgabatda geçiriljek sammite taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem üç ýurduň Daşary işler ministrleri geçiriljek duşuşygyň meýilnamasynyň taslamasyny, gün tertibini hem-de Sammitiň jemleýji resminamasynyň taslamasyny maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, ministrler sebit hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow şu ýylyň 15-nji iýulynda Täjigistanyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddiniň ýolbaşçylygynda Türkmenistana resmi sapar bilen gelen wekiliýet bilen gepleşikler geçirdi.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrlerini kabul etdi
Köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk giňeldilýär
Aşgabatda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň Sammiti geçiriler, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy çagalaryň Awazada dynç alşyny üpjün eder we beýleki habarlar
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary owgan meselesine bagyşlanan duşuşyga gatnaşdy
Türkmenistanyň we Täjigistanyň baş diplomatlary özara pikir alyşdylar
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Duşanbede Täjigistanyň Prezidenti bilen duşuşdy